GÜLZARA BESLENEN DÜNÝÄ

Bahar täzelenişiň, ruhubelentligiň pasly. Bahar paslynyň gelmegi bilen alaňlar ýaşyl begrese bürenip, sähralarymyza gözellik getirýär. Gün ýyly şöhlesini seçeläp, guşlaryň dilini açýar. Mylaýym şemala maýsalar yrgyldaşýar, miweli agaçlar gülleýär. Otlaryň we gülleriň hoşboý ysy lezzet berýär. Daýhan täze hasylyň düýbüni tutmaga girişýär, ekiş başlanýar. Nowruz täze günleriň kerwenini çekýär.

Bu baýramçylygyň öňüsyrasynda jaýlaryň, howlularyň içi syrylyp-süpürilýär, öýüň düşegi täzelenilýär. Gelin-gyzlar baýramçylyga aýratyn yhlas bilen taýýarlyk görýärler. Olar özlerine, çagalaryna täze geýim tikýärler, ýagty otagda saçak ýazyp, bişiren aşyny ýedi tagam bilen   bezeýärler.

Saçaga goýy gatyk, süýt, peýnir, miweler, hoz, gowrulan towuk goýulýar. Bu däp-dessurlar bagt baradaky gadymy düşünje bilen baglanyşykly bolup, ol babadaýhana baharyň gelendigini habar berýär.

Yslam dininden has irki döwürlerde hem Nowruz dabaraly bellenipdir. Täze ýyl däp-dessurlary bahar günleri agaç­lar gülläp başlanda berjay edilipdir. Gunçalar gül açanda çagalar elleri çemenli öýme-öý aýlanyp, bahar aýdymlaryny aýdypdyrlar. Olaryň ýanynda sazandalaram bolupdyr. Öý eýeleri aýdymçylara, sazandalara hormat-dereje bildirip, oňat dilegler edipdirler. Olara sowgat beripdirler.

Häzirki döwürde Nowruz baýramy täze many-mazmuna eýe boldy. Nowruz görkana bahar baýramydyr. Bagtyýarlyk döwründe Nowruz ýagşylygy, jomartlygy, sahylygy, berekedi, bolelinligi, bagty, abadançylygy, eşretli ýaşaýşy alamatlandyrýar.

Hut şu nukdaýnazardan-da Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan orny bimöçberdir. Şundan ugur almak hem-de dün­ýä halklarynyň medeniýetleriniň dürli-dürliligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO — Nowruz baýramyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda bolsa Türkmenis­tanyn, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy hem-de teklip etmek netijesinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip bellemek hakynda ýörite rezolýusiýa kabul edildi.

Şeýlelikde Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de gündogar halklarynyň taryhy-medeni, däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan baýram hökmünde Ýer ýüzünde giňden bellenilip geçilýär.

Halkyň myhmanlary duz-çörek bilen garşylamak, hoşniýetli goňşuçylyk, sahylyk ýaly gowy däp-dessurlary täzeden dikeldilýär, dabaralanýar.

HAJYMÄMMEDOWA Mähri
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba

hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok