AŞGABADYŇ BINAGÄRLIK TARYHYNDAN

Aşgabat – Köpetdagyň etegindäki gadymy şäher. Onuň baý taryhy bolup, şäher asyrlara ýaň salan köp sanly wakalaryň şaýady bolan gadymy mekan. XIX asyrda bu şähere Aşgabat obasy diýilse-de, onuň goňşy döwletler, hanlyklar bilen söwda aragatnaşyklaryny saklap, bazar, kerwensaraý, ybadathanalar ýaly desgalaryň bolandygyny nazarda tutup ony şäher diýip atlandyrýarlar. Eýýäm XVIII asyrlarda bu oturymly ýer ýarym oba görnüşindäki şähere öwrülipdir.

XIX asyryň ahyrlaryna ruslaryň Türkmenistanyň ýerlerine aralaşmagy bilen Aşgabady Zakaspiý oblastynyň merkezi hasap edipdirler. Aşgabat Ahal sebitiniň dolandyryş we söwda merkezine öwrülipdir.

Merkezleşen şähere ilkinji zerur zat elbetde ýol gatnawy üçin demirýoly bolupdy. Şonuň netijesinde 1885-nji ýylyň noýabr aýynyň 30-na Aşgabada demir ýol gelip ýetýär. Onuň gurluşygyna general-leýtenant M.N.Annenkow ýolbaşçylyk edýär. Aşgabadyň we stansiýalaryň golaýyndaky şäherçeleriň ösmeginde bu demir ýolunyň ähmiýeti uludyr. Şäherde demirýol stansiýasy gurulýar. Wagtyň geçmegi bilen şäheriň ýewropalaşan bölegi ösüp bu ýerde ilkinji telefon nokady, jemgyýetçilik jaýlary we ybadathanalar döreýär. Şäheriň günbatar tarapynda dükanlary, ussahanalary, bazarlary, kerwensaraýlary bo­lan söwda-senetçilik etrapçasy,  demirgazyk böleginde demir ýol bekedi gurulýar. Işçiler obasy hem şol ýerde ýerleşipdir.

Mundan başgada köp sanly kerwensaraýlar gurulýar. Şol wagtlar ýagny XIX asyryň dowamynda Merkezi Aziýanyň beýleki şäherleriniň hiç birinde hem Aşgabatdaky ýaly kerwensaraý bolmandyr. Eýýäm 1903-nji ýylda olaryň sany 38-e barypdyr. Giň syrgyna uzalyp gidýän kerwensaraýlar köplenç iki gatdan ybarat bolupdyr. Olar öňki gurlan kerwensaraýlardan tapawutlylykda has iri we iki gatly bolupdyr. Kerwensaraýlar uzyn syrgyn görnüşinde bolup, birinji gaty arkalar bilen bezelen galereýa, ýokarky gaty bolsa açyk eýwan görnüşinde gurlupdyr. Eýwanlary agaçdan salnyp, sada sütünler bilen berkidilipdir. Orta asyr binagärliginden has tapawutlanýan bu desgalaryň aýratynlygy esasan günbatar binagärlik äheňini ýatladýar. Muňa garamazdan portallarda ýa-da arkalaryň ýokarky böleklerinde azda-kände milli bezeg aýratynlyklaryny görmek bolýar. Emma bu kerwensaraýlar häzirki günlerimize çenli gelip ýetmändir.

XX asyryň başyna çenli şäher haýal abadanlaşdyrylypdyr. Şäherde birnäçe köçeler döräp başlaýar. Esasan hem Merw prospekti (Magtymguly şaýoly) we Annenkow köçesi (S.Türkmenbaşy şaýoly) şossä (ulag gatnawy üçin berk emeli ýüzli we gapdallarynda suw akdyrmak üçin garymlar bolan ýol) öwrülipdir. Oňa ýanaşyk köçelere daş düşelip, käbir köçelere bolsa çagyl dökülipdir. Bu hem şäher merkeziniň abadanlaşmagyna, gatnaw ýollarynyň aňsatlaşmagyna getiripdir. Ýan ýodalara bolsa bişen kerpiç düşelipdir. Ýollaryň saýaly bolmagy üçin ýaplaryň boýunda agaçlar ekilipdir.  

Aşgabat derýajygynyň ugrynda ownuk degirmen öýjagazlary gurulýar. 1915-nji ýylda şäherde 4428 öý bolup, 4149 sany öýden köp bölegi bir gatly hususy jaýlary öz içine alýardy. Onda mekdepler, oglanlar we gyzlar üçin niýetlenen gimnaziýalar, demirýol tehniki uçilişesi, hassahanalar bardy. Şol döwrüň şäher gurluşygy esasy bölegi bir gatly ýaşaýyş jaýlardy. Önümçilik babatynda hem özgerişlik başlanýar. XX asyryň başynda Aşgabatda ýüpek kelepleýji we tekstil fabrigi, Aşgabat çörek zawody işläp başlaýar. Soňra tekstil kombinatynyň ýanynda sagatly “suw batlandyryjy” diň gurulýar. Ol henize çenli saklanyp galan paýtagtymyzyň binagärlik taryhynyň gaýtalanmajak nusgalaryndandyr. 30-njy ýyllarda köçeler ilkinji gezek asfalt bilen düşelip başlanýar. Şondan soň atly paýtun gatnawlarynyň ýerine awtoulaglar we awtobuslaryň gatnawy amala aşyrylyp başlanýar.

Taryhy ýadygärliklerine hormat goýýan türkmen halkynyň binagärlik taryhynyň şeýle maglumatlara baý bolmagy paýtagtymyzyň dabarasyny has-da beýgeldýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde bolsa paýtagtymyzyň gözelligi, binagärlik aýratynlygy has-da baýlaşyp Aşgabadyň binagärlik taryhynda gaýtalanmajak esere öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň binagärligini ösdürmekdäki alyp barýan asylly işleri häzirki wagtda öz miwesini berýär. Taryha baý bolan paýtagtymyzyň resmi taýdan esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýyny bellemek hem hormatly Prezidentimiziň taryha goýýan sarpasynyň aýdyň görkezmesidir.

.

Bagtygül Hojageldiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok