Kindi: müşderileriň şatlygyna ähmiýet berýäris

Konditer önümçiliginde öňdebaryjy bolmagy maksat edinýän kompaniýalaryň,  biri hem ” Kindi “- dir. Süýjülik dünýäsine çuňňur aralaşmak islegi bilen düýbi tutulan Kindi, arassa we saglyga zyýansyz azyk önümleri bilen ýerli bazarlarda mynasyp orny eýeleýär.

Kindi  “Berkarar” , ” Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” we beýleki söwda dynç alyş nokatlarynda çagalaryň şatlygyna-şatlyk goşýan çäreleri ýygy-ýygydan gurnamaklygy öz däbine öwürdi diýsek ýalňyşmarys.

 Öňdebaryjy enjamlar we soňky  tehnologiýalar ornaşdyrylan ” Kindi ” konditer önümleri zawodynyň 2017-nji ýylda düýbi tutulýar.

Döwlet HALMANOW
TDBGI-niň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok