Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylymyzyň mart aýynyň 17-18-i aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe 13 ýyly doldy. Şol mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli ýokary derejede sergi we maslahat geçirildi. Bu sergä ýyurdumyzda öndürilýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk matirýallary, we elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, türkmen milli hally önümler, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.
Olaryň hatarynda “Her gün” hususy kärhanasy özüniň öndürýän süýt we süýt önümleri bilen sergä işjeň gatnaşdylar. Bu kärhananyň direktory Alym Joraýewiň gürrüň berşine görä, bu kärhanada häzirki wagtda bugdaý uny goşulyp düzümi baýlaşdyrylyp gowrulan ýeralmasynyň 5 görnüşini, guradylan çörek bölejiklerini, süýt we süýt önümlerini, ýagny bişirilip gaplanylan süýdi, gaýmagy, gatygy, dorogy, çig gaýmagy, peýnir önümlerini öndürmek bilen halkyň söýgüsini gazanandyklaryny şaýatlyk edýär.
elekeçi A.Joraýew her gije-gündizde süýdüň 2,5 tonnasy gaýtadan işlenilýändigini we “Her gün” hususy kärhanasynyň öz çig mal serişdesiniň bardygyny belläp geçdi. Kärhanada sygyrlaryň 50-si idedilip, olaryň önümi gaýtadan işlenilip, ter we ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümler öndürilýär. Sergä gatnaşyjy hususy telekeçiler döwlet tarapyndan berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Jumagylyjow Döwlet
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler