“Akar” ýokary hilli joraplary öndürýär

Diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Ýewropa hiline laýyk gelýän ” Akar ” haryt nyşanly ýokary hilli joraplary öndürýän kärhanasy 2018-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Kärhana TSTB-niň agzasy, telekeçi Serdar Annakowa degişlidir

Nusgawy , ýagny klassik görnüşlerinden sport stilini çenli dürli önümleri öz içine alýan bu kärhana çig mal hökmünde Türkmenistanyň ýokary hilli pagtasy ulanylýar.

Kärhana daşary ýurda eksport etmek boýunça, esasan Russiýa Federasiýasy bilen yzygider aragatnaşyk saklaýar.

Öndürilýän joraplaryň 80%-pagta, 17%-poliamid we 3% – elastandan ybaratdyr. Önümiň köp böleginiň pagtadan bolmagy onuň rahatlygyň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.

Orazguly SAPARDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok