Aşgabatda Syýahatçylyk orta hünär mekdebinde «Nowruz geldi ülkämize» atly ylmy-ekologiki we medeni çäresi geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn, umumy göwrümli we uzak möhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini sazlaşdyrmaga, ýaşlaryň sagdyn-arassa ruhubelent mirasdarlarymyzy ýetişdirmäge gönükdirilendir.

Şu gün Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň hünärmenleri bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär mekdebiniň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagynda «Nowruz geldi ülkämize» atly ylmy-ekologiki we medeni çäresi geçirildi. Çäräniň başynda orta hünär mekdebiň çäginde bag-nahal oturtmak dabarasy geçirildi. Bu çäräniň dowamynda mekdebiň talyplary tarapyndan taýýarlanan medeni çykyşlary diňlenildi we haýwanat dünýäsiniň gäpleriniň sergisi hem-de ýurdumyzyň gözel tebigatynyň täsinlikleri barada slaýdlar görkezildi.

Bu geçirlen medeni çärede mekdebiň talyplary Hormatly Arkadagymyzy, gözel diýarymyzy we gözel tebigatymyzy, ak mermerli Aşgabady we söýgini wasp edýän aýdymlary, goşgylary ýerine ýetirdiler. Milli tanslary ýerine ýetiren talyplaryň çykyşlary bu çärä öz boluşly öwüşgin berdi. Çäräniň has-da şowhunly ýeri, ýagny talyplar iki topara bölünip, olaryň dünýäniň we diýarymyzyň tebigatyna degişli soraglar boýunça geçiren bäsleşigi uly şagalaňa öwrüldi. Medni çäräniň ahyrynda mekdebiň talyplaryna Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasynyň adyndan höweslendiriji sowgatlar berildi we minnetdarlyk bildirilip, olara berk jan saglygy, okuwlarynda hem-de durmuşda egsilmez üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edildi.

Mähriban halkynyň aladasyny ilkinji orunda tutýan, bize işlemäge ýaşamaga gowy durmuşy peşgeş eden Hormatly Arkadagymyza berk jan saglygyny, uzak ömür, sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynsanperwerliginiň dabaralanmagyna gönükdirilen beýik işlerinde ägirt uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýäris.

.

Leýli Şyhmadowa,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň
Ekologiýa we ylym bölüminiň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok