Özbegistanda Koreýanyň Kýonnam bankynyň şahamçasy açyldy

Özbegistanda Günorta Koreýanyň Kýonnam bankynyň şahamçasy açyldy. Bu şahamça ýurduň Merkezi bank tarapyndan bellige alyndy.

Günorta Koreýanyň Kýonnam bankynyň Özbegistandaky şahamçasy ýurduň bank işgärleriniň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem Günorta Koreýanyň öňdebaryjy tejribesini Özbegistanyň bank we maliýe ulgamyna ornaşdyrmaga kömek eder.

1970-nji ýylda döredilen Kýonnam banky «BNK Financial Group» guramasynyň agzasydyr. Bu bank özüni Günorta Koreýanyň öňdebaryjy ýerli banklaryndan biri hökmünde görkezdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok