Halkara maglumatlar korporasiýasy — «IDC» ýakyn ýyllarda bulut tehnologiýalarynyň ösüşiniň dünýä gurşawyna oňyn täsir etjekdigini çaklaýar. Kompaniýanyň bu çaklamasyndaky esasy maksat atmosfera uglerod dioksidiniň (CO2) zyňyndylarynyň ep-esli azalmagy bilen baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda «bulut» platformalary esasynda berilýän hyzmatlara isleg çalt ösýär. Muňa bolsa, bazaryň sanly usulda özgermegi we pandemiýa kömek edýär. Çünki, «COVID-19» epidemiýasy döwründe uzak aralykdan dürli işleriň we bilimiň sanly usulda ýola goýluşy birden ýokarlandy.
Halkara maglumatlar korporasiýasynyň — «IDC»-niň çaklamasyna görä, 2021-2024-nji ýyllarda «bulut» ulgamlarynyň ösdürilmegi CO2 zyňyndylaryny 1 milliard tonna çenli azaltmaklyga mümkinçilik berer.
Çünki, «bulut» platformalary korporatiw görnüşli adaty IT ulgamlaryny we jemlenen hasaplaýyş çeşmelerini ulanmaklykda has ýokary netijelilige eýedir. Mundan başga-da, «bulut» modeli esasynda hyzmatlar bermeklik, dünýäniň islendik ýerinde maglumat merkezlerini tapmaklyga mümkinçilik berýär.
Teswirler