“Begler ýoly” hususy kärhanasy öz harytlaryny sergä çykarýar

Aşgabat şäherinde ýerleşen Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi mynasybetli geçiriljek sergä “Begler ýoly” hususy kärhanasy hem öz önümleri bilen çykyş edýär.

Sergi 2021-nji ýylyň 17-18 martynda geçirilýär.

2014-nji ýylda esaslandyrylan “Begler ýoly” hususy kärhanasy iýmit üçin plastik gaplary, miwe we bakja önümleri üçin sebetleri, göwrümli gaplary, himiýa serişdeleri üçin gaplary we şuňa meňzeş önümleri öndürmek işini alyp barýar. Kärhana içerki we daşarky bazaryň ynamyny gazanmagy başardy. Kärhanada öndürilýän önümler hiliniň ýokarylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen, müşderileriň ösen islegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýär. 

 ISO-9001:2015, 5S,GC-MARK, DQS CFS GmbH, IQ NET halkara sertifikatlary bolan önümler içerki bazarlarda sarp edilşi ýaly, goňşy we sebitdäki ýurtlara-da eksport edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok