Türkmenistanyň dokma öndüriji kärhanalary dokma we ýeňil senagat önümleriniň 55-nji halkara lomaý söwda ýarmarkasyna gatnaşdy. Ýarmarka Russiýanyň 28 sebiti we dünýäniň 16 ýurdundan, Ermenistan, Belarus, Germaniýa, Hindistan, Italiýa, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Polşa, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina, Günorta Koreýa, Ýaponiýa ýaly ýurtlar gatnaşdy.
Umuman, sergide 300-den gowrak öndürijiniň önümleri görkezildi.
«Текстильлегпром» esasy maksady, kompaniýalaryň gazananlaryny köpçülige görkezmek, bilim we tejribe alyşmak, marketing, işewürlik ýygnaklary we önümi mahabatlandyrmakdan ybarat.
Sergide dokma we ýeňil senagat önümlerinden çig mal, ýüplük, matalar, deri, dokma we ýeňil senagaty üçin enjamlar we materiallar, tehniki dokma önümleri, şeýle hem egin-eşik, trikotaž, jorap, deri önümleri , öý üçin niýetlenen dokma önümleri görkezildi.
Teswirler