Täze deňiz jandary tapyldy

Ýapon alymlary deňizde ýaşaýan täze balykgulak görnüşiniň üstüni açdylar. Onuň bir üýtgeşik tarapy bolsa, öz kellesini goparyp ýaşamagyny dowam etdirmegindedir. Kelle göwreden gopandan birnäçe wagt soňra, täze beden emele  gelmäge başlaýar. Bedeniň emele gelmegi bir aý töweregi wagty alýar.

Dünýäde millionlarça jandar görnüşi bar we olaryň her birisi üýtgeşik artykmaçlyklara eýedir. Täze tapylan balykgulak görnüşinde birnäçe ylmy barlaglar geçirildi. Netijede, bu jandarlar täze ýaşaýşa gadam basmak üçin öz kellelerini göwresinden goparýarlar. Kelle ýaşaýşa dowam edýär emma göwrede galan organlar (ýürek, bagyr, böwrek we köpeliş organlary) bolsa wagtyň geçmegi bilen çüýremäge başlaýar. Kelle özbaşdak ösmäge başlandan soň ilki bilen ýürek peýda bolýar.

Bu üýtgeşik jandarlaryň üstünde häzirki wagtda birnäçe barlaglar geçirilýär. Alymlar munuň beýle bolmagynyň sebäbini, organizme düşýän bakteriýalardan we mikroplardan azat bolmak üçin edýär diýip düşündirýärler.

Azat AMANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok