Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsiniň döwrebap ösüşi bilen deň gadam basýar. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we şol ýylyň 22-nji dekabrynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tapgyrma-tapgyr ýagdaýda üstünlikli durmuşa geçirmeklik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki zaman dünýäsiniň ösen sanly tehnologiýalaryna erk edip bilýän, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmeklik üçin, bilim ulgamynyň sanlaşdyrylmagy, daşary ýurt dilleriniň geljek nesle örän kämil derejede öwredilmegi ilkinji wajyplyk bolup durýar.
Sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden we şertlerinden ýerlikli peýdalanmaklyk üçin ilkinji nobatda «Halkara dili» diýlip ykrar edilen daşary ýurt dillerini öwrenmeklik zerurlygy ýüze çykýar. Çünki, daşary ýurt dillerini suwara öwrenen ýaşlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen döwletimiziň bilim ulgamy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýan daşary ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylym-bilim merkezleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän uzak aralykdan sapaklaryň, wideoşekilli maslahatlaryň esasynda hünär taýdan kämilleşmäge mümkinçilik alýarlar. Mundan başga hem, türkmen talyplary özleriniň ýokary okuw mekdebinde öwrenýän hünärine degişli elektron görnüşdäki daşary ýurt okuw gollanmalaryndan, ylmy kitaplaryndan sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň esasynda peýdalanyp, hünär bilimlerini ýokarlandyryp bilýärler. Diýmek, milli Liderimiziň baştutanlygynda kabul edilen «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» ähmiýeti türkmen ýaşlarynyň hünär taýýarlygy taýyndan halkara derejesine laýyk gelýän ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin örän wajypdyr. «Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylşynyň häzirki ýagdaýy», «Konsepsiýanyň maksady we wezipeleri», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary», «Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary», «Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk», «Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary», «Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek», «Konsepsiýany durmuşa geçirmekde garaşylýan netijeler» diýen ýaly sekiz bapdan ybarat bolan bu Konsepsiýany ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirmeklik babatynda diýseň uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döredilen «Sanly çözgüt – IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde sanly bilim ulgamynyň esasynda halkara dillerini öwretmegiň milli taslamalary – sanly sözlükler, dil öwrenmegi ýeňilleşdirýän dürli görnüşdäki oýun programmalary, terjime programmalary taýýarlanylýar.
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi bellenilýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň 1-nji fewralyndan başlap, ýurdumyzda internet ulgamyny «Wi-fi» arkaly ulanyjylaryň aýlyk tölegleri şäher ýaşaýjylary üçin iki esse, oba ýaşaýjylary üçin bolsa üç esse arzanladyldy. Munuň özi bolsa, halkara dillerini öwrenýän ýaşlara sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden elýeterli peýdalanmaklygy üçin döredilen örän amatly şertleriň biridir. Milli Lideirmiziň şular atalyk aladalarynyň netijesinde, türkmen ýaşlary häzirki zaman biliminiň döwrebap ösen, iň kämil derejesine – sanly ulgam usulyna laýyklykda halkara dillerini suwara öwrenýärler.
Aýlar SEÝIDOWA,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň talyby.
Teswirler