Sport döredijilik äleminde

Hormatly Prezidentimiziň adam saglygy üçin edýän aladalaryny goldap, biz hem öz sungatymyz bilen adam saglygynyň aladasy edilýändigini beýan etmäge borçludyrys. Il saglygy ýurduň baýlygy bilen deňelýän döwletde ýaş nesliň ruhy kämilligini bilim-terbiýe, ylym, hünär bilen kämilleşdirmek işi olaryň beden saglygyny gorap saklamak babatdaky aladalar bilen utgaşdyrylýar. Her bir ýaşlar sportuň dürli görnüşleri bilen türgenleşseler, öz saglyklaryny berkiderler. Bu bolsa biziň akyl-paýhasymyzyň hem ösmegine uly täsiri bardyr.

Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny, milli sporty we syýahatçylyk ugurlaryny belentliklere galdyrmak, talyp-ýaşlaryň tejribelerini we başarnyklaryny artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň bu ugurdan alyp barýan işi uly hemaýat berýär. Talyplaryň öz döredijilik eserlerinde Watanyna, halkyna bolan üýtgeşik duýgulary bilen öz beýanyny tapýarlar.

Şular ýaly döredijilik eserleriniň döredilmeginiň we taryhy wakalaryň şaýady hökmünde geçirilen hoşallyk maslahatynda, paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda guralan dabara hökümet agzalary, ýurdumyzdaky daşary ýurtly diplomаt wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşyp, 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda mynasyp derejede çykyş eden ýaş we gujurly türkmen zenan türgeni Ýulduz Jumabaýewa özüniň altyn medalyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň mynasyp bolan altyn medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Milli Liderimiz türkmen türgenine medalyny gowşuryp, oňa geljekki sport durmuşynda üstünlikler arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynyň arasynda agyr atletika boýunça dünýäniň 3 gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýewiň ýeňişleri barada agzap geçdi. Munuň bilen birlikde sportuň, ylymyň, bilimiň, sungatyň, medeniýetiň kämilleşmegi ugrynda üns beriljekdigi barada belläp geçdi.

Ýurdumyzyň owadan myhmanhanalarynyň biri bolan «Sport myhmanhanasynda» hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisi ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň döredijilik eserleri bilen goşan goşantlaryny ýagny, şekillendiriş sungatynda dürli ugurlarda ýerine ýetirilen nakgaşçylyk sungatyndan Aly Sytdykowyň «Bilýard», Maksat Hudaýberdiýewiň «Kidboks», «Türkmen göreşi», Maksat Kanyýewiň «Fudbolçylar», Didar Allakowyň «Gülbadamyň portretini», Ylýas Gurbanowyň «Woleýbolçylar», Rüstem Hadyýewiň «Bedew», Ýakup Nurmyradowyň «Kerim Allanurowyň portretini», Laçyn Baýlyýewanyň «Nesillerimiz saglyk ýolunda», Baky Mommaýewiň «Welosportçylar», Şemşat Berdiýewanyň «Küşt» ýaly eserlerini we erkin döredijilik eserleri bilen gatnaşan suratkeş Nurat Hojagulyýewiň «Çempionyň arzuwy», «Synanyşyk, «Altymyrat Orazdurdyýewiň portretini», heýkeltaraşlyk sungatyna degişli Babamyrat Muhammetgulyýewiň «Ýeňiji», Muhammet Muhammedowyň «Altymyrat», Serdar Agaýewiň «Gülbadam», Patdyk Patdykowyň «Ýaş türgen», Ýusup Çerkezowyň «Daş götermek», küýzegärçilik sungatyna degişli bolan sportuň dürli görnüşlerini açyp görkezýän birnäçe eserlere tomaşa etdiler.  

Bu ýerde esasy üns çeken eserleriniň biri Altymyrat Orazdurdyýewiň ýaş wagtyndaky türgeniň sportuň agyr atletika boýunça görkezýän çykyşlaryndan bir pursat görkezilýär.  Agyr ştangany ýokary galdyrmak boýunça bu sport görnüşiniň gadymy Gresiýada döräni bäri muşdaklarynyň sany artýar. Şol esasynda türkmeniň ýaş ýetginjikleriň arasynda ýeňiş gazanan Ýulduz Jumabaýewa hem özüniň halal başarnygy bilen mährem ojagyna bagt getirdi. Bilini berk guşap, ruhubelent ýagdaýda agyr ştangany galdyrmagy bilen türkmen baýdagyny al asmana parlatdy.  Çünki bu ýaryşlarda uly üstünliklere ýetmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän Hormatly Prezidentimiziň ummasyz goşandy bar.

Geljekde ýaş nesliň kämil, sagdyn, ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin uly aladalary edýän, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçiligi açyp berýän Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Döredijilikde sungat adamlarynyň, sportda türkmen türgenleriniň her ýylda paýtagtymyzda we daşary ýurtlarda geçiriljek dürli ýaryşlarda uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris. Geljekde ajaýyp ýeňişler tutuş halkymyzyň begenjini hem guwanjyny artdyrar. Türkmen sportyny dünýä aýan edýän, agzybir ilimizi sagdynlyk hem ruhubelentlik ýoly bilen diňe öňe, täze belentliklere hem ýeňişlere alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

.

BAHAR Magtymowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok