Halk egin-eşikleri asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşipdir. Şeýlelikde halkymyzyň milli aýratynlyklaryny özünde jemleýän milli lybaslarymyzyň dürli görnüşleri döräpdir.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň önümçilik kärhanasynyň binasynda ýerleşÿän “Jeýran” ady bilen tanalýan el işleri tikinçilik atelýesinde yzygiderli döwrebap örüm işleriniň tanyşdyrylyş sergisi geçirilýär. Öz işiniň ussady Jeren Klyçewanyň ýolbaşçylygynda 20-den gowrak örüm işleri gyz-gelinlerimize öwredilýär.
“Bu gözellikleri öwrenmäge isleg bildirýänler üçin gapymyz mydama açyk. Türkmen zenanlary ownuk-uşak zatlaryny saklamak üçin torbalary, çuwallary, egin-eşik saklaýan bukjalary ulanypdyrlar. Milli lybaslarymyz halkyň baý taryhy tejribesini özünde jemleýär. Olaryň ýerliginde, biçilşinde, taýýarlanyş usullarynda, tikilişinde, bejerilşinde, bezelişinde halkymyzyň medeni däp-dessury we çeperçilik islegleri, tebigy ýaşaýyş şertleri giňden öz beýanyny tapýar. Hawa, her bir halkyň milli mirasy, däp-dessurlary onuň milli hazynasy, buýsanjydyr. Bu el işleri nesillere öwredip, miras galdyrmak biziň borjumyzdyr” diýip çeper el işleriniň halypasy Jeren Klyçewa öz sözünde belleýär.
Goý, çeper elli zenanlarymyzyň döredÿän ajaýyp nusgalary ajaýyp döwrümiziň gözelligine görk goşsun!
Teswirler