Alymlar 6,7 million ösümlik görnüşini Aýa ibermek isleýärler

Mümkin bolup biläýjek betbagtçylykly hadysalara taýýarlyk hökmünde alymlar,  6,7 million ösümlik görnüşiniň nusgasyny Aýa iberip, şol ýerde saklamagy teklip etdiler. Alymalar “– Eger  betbagtçylykly hadysalar sebäpli, Ýerdäki ösümlik görnüşlerine zeper ýeten ýagdaýynda, howp sowulandan soň, Aýa gidip bu ösümlik nusgalaryny alyp gelip täzeden öňküsi ýaly ösdürip ýetişdirip bolar” diýip belleýärler.

Ösümlikleriň alnyp gidiljek görnüşleri, Norwegiýanyň Swalbard arhipelagynda buzluklaryň içinde ýerleşýän “Kyýamat ammary” diýen uly ammardan alnar. “IFL Science” tarapyndan paýlaşylan maglumata görä, Aýda şeýle gurluşy gurmak we 6,7 million ösümlik görnüşini Aýa alyp gitmek üçin 250 gezek uçuş etmeli bolar diýlip çaklanylýar. Emma häzirki wagtda, bu ugurda birnäçe işler geçirilýär.

Balkan REJEPOW,
D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok