Turkmengazet.com web sahypasy hereket edip başlady

Ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklary, şanly seneleri, köpçülikleýin çäreleri we ýene-de birnäçe maglumatlary türkmen dilinde okyjylara gyzgyny bilen ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önjeýli goşandyny bellemek gerek.

8-nji marta Türkmen gelin-gyzlarynyň ähli gyzyklanýan temalaryny bir ýerde jemleýän www.turkmengazet.com web sahypasy hereket edip başlady. Web sahypanyň hereket etmegi baradaky habar atavatan turkmenistan web saýtynda ýerleşdirilen.

Özüniň köpdürli habarlary bilen okyjylara hyzmat etjek web sahypa aşakdaky bölümleri özünde saklaýar:

  • Habarlar
  • Trend we Gözellik
  • Žurnalistiň sahypasy
  • Reportaž
  • Göwün küýsegi
  • Tagam taýýarlamak

Bu web sahypanyň açylmagy Türkmen gelin-gyzlarynyň 8-nji mart Halkara zenanlar gününe mynasyp sowgat boldy.

Yklym MYRATGULYÝEW,
TDBGI-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok