Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, bilim ulgamyny sanlaşdyrmaklyk ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. 2017-nji ýylyň sentýabrynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi we häzirki wagtda ikinji tapgyrda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çärelere laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim portaly döredildi. Sanly bilim portaly «Elektron poçta», «Elektron resminamalar», «Okuw», «Ylym we innowasiýa», «Okatmagyň elektron serişdeleri», «Bäsleşikler», «Olimpiadalar», «Sport», «Uzak aralykdan bilim almak», «Elektron kitaphana», «Bildirişler», «Täzelikler» ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtyýar ýaş nesilleriniň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin sanly bilim ulgamynyň esasynda döredilýän mümkinçilikler we şertler täze zehinleri ýüze çykarýar. Zehinli ýaşlar özleriniň mukaddes Watançylyk borçlaryna wepaly bolup, döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşarlar.
Nowgül TÄÇDURDYÝEWA,
Magtymguly adyndaky
TDU-nyň talyby.
Teswirler