Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Mertebesi belent, mährem eneler» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Oňa kümüş saçly eneler, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanda her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara pul sowgadynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekýän gelin-gyzlary sarpalamak däbe öwrüldi. Halkara zenanlar güni mynasybetli guralan sergide zergärleriň ýasan şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, ajaýyp senedimiz bolan haly we haly önümleri, milli egin eşikleriň gadymy nusgalary, keşdelenilen kürtedir zenan donlary ýerleşdirildi. Sergidäki älemgoşar öwüşginli reňkler bilen sazlaşykly edilip çekilen suratlar hem bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy.
Şirin Atamuradowa,
Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler