IŇ BEÝIKDE ÝERLEŞÝÄN DEMIR ÝOL
Eger-de siz belentlikleri halaýan bolsaňyz, onda dünýäniň iň belentde ýerleşýän demir ýoly bilen syýahat etmek size mynasyp bolsa gerek. Qinghai-Tibet demir ýoly sizi Hytaýdan-Tibede çenli elter we Qinghai-Tibet platasynyň täsin gözelliklerini synlamaga mümkünçilik döreder. Lhasa Ekspres 4000 metr belentlikden başlap 5,072 metr belentlige çenli ýetýär. Dünýäniň iň belentde ýerleşýän Tangula demir ýol menzili Qinghai-Tibet demir ýolunyň ugrundan bolup ol deňiz derejesinden 5,068 metr belentde
ýerleşýär.
IŇ PESDE ÝERLEŞÝÄN DEMIR ÝOL
Seikan tunneli Ýaponiýanyň Honsýu bilen Hokkaýdo adalaryny birleşdirýär. Bu demir ýol tunneli denziň 140 metr aşagynda ýerleşýär. Ol 1971 -1988-nji ýyllar aralygynda guruldy. Tunneliň gurluşygy üçin 85,000 ton sement ulanyldy. Tunneliň uzynlygy 54 kilometre golaý bolup, onuň diňe ýarysy deňziň aşagyndan geçýär. Günde 50 otly iki adanyň aralygynda adamlary we dürli ýükleri daşaýar.
Selim GURBANDURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler
Biz aslynda beyle zatlara ozimizden baslamaly adam ilki ozini tanasa gowy basgasynda bolan zatlar sonam gyzyklanyp biliner(wagt galsa).Meselem Bizdaki 10 tasin yer barada suratly habar goyup adamlaryn baryp gormegi ucin howas doredip bilerdiniz.Habarlarymyzy Copy and Paste etmalin hayys,belli bir maksadymyz bolsyn 1.nji bilen.