BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine goldaw berýär

2021-nji ýylyň mart aýynyň 3-ne BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek üçin kadalaşdyryjy tehniki resminamalary işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek” atly onlaýyn okuw maslahaty  geçirildi.

Energetika minstrliginiň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) halkara taslamalarynyň, BMG- niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC), Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri, şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary webinara gatnaşdylar.

Webinaryň maksady gatnaşyjylara Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek barada we  gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryny we iň oňat tejribelerini işläp taýýarlamak, eletrik energiýasy ulgamyna energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmelerini ulanmagy ösdürmek barada alnyp barylýan işler barada maglumat bermekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň barşynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleri bilen bilelikde ýerine ýetirlen we häzirki wagta, Türkmenistanyň Mejlisiniň garamaga hödürlenen “Energiýa netijelilik we energiýany tygşytly ulanmak” we “Gaýtadan dilekdilýän energiýanyň çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanunlaryny işläp taýýarlamak boýunça işler agzalyp geçildi. Şeýle hem, BMGÖM-niň goldawy bilen işläp taýýarlanan we 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan ”Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” hakynda jikme-jik gürrüň berildi. Häzirki wagtda, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak işleri, gowşamaýan depginde dowam etdirilýär we netije-de , ýurtda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek üçin ýardam hökmünde, BMGÖM-iň taslamasynyň goldawy arkaly goşmaça 10 sany kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlamak meýileşdirilýär.

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagy ösdürmek we energiýa netijelilik boýunça innowasiýon tehnologiýalary elektrik energiýa ulgamyna ornaşdyrmak boýunça BMGÖM-niň taslamasynyň amala aşyrýan we meýilleşdirilýän amaly ädimleri şu aşakdaky ugurlardan ybarat:

– energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiyon tehnologiýalaryny elektrik energiýasy pudagyna ornaşdyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň köçe yşyklandyryş ulgamlarynda, saýlanyp alynan synag meýdançasynda köçe yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak boýunça akylly torlaryny ornaşdyrmak;
– Aşgabadyň myhmanhana toplumynda energiýanyň sarp edilişini barlamak we energiýa tygşytlylyk boýunça tehnologiýalaryny girizmek;
– TDEI-niň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly ylmy-önümçilik merkeziniň meýdançasynda gün energiýasy arkaly işleýän energiýa-garaşsyz swetodiod çyralaryny gurnamak;
– TDEI-niň meýdançasynda döwrebap swetodiod çyralary gurnamak we şol yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak boýunça akylly toryny ornaşdyrmak;
– Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalaryny elektrik energiýasy ulgamyna girizmek boýunça talyplaryň amaly tejribesini kämilleşdirmek we tejribe işlerini geçirmeklik üçin TDEI-de okuw barlaghanany döretemeklige ýardam bermek;
– energiýany sarp edijileriň, energiýany tygşytly ulanyşyna baha bermek üçin, energiýa barlagyny geçirmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň düzüminde täze barlaghanany döretmäge ýardam bermek.

.

Çeşmesi: BMG-niň Türkmenistandaky ofisi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok