Welotrek boýunça dünýä çempionaty – Türkmenistanda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz Halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän ajaýyp merkezine öwrüldi. Diýarymyza gelýän türgenlere hem-de Watanymyzyň abraýyny dünýä ýüzünde belende götermäge mynasyp goşantlaryny goşýan türkmen ýaşlaryna sport äleminde döredilýän mümkinçilikler çäksizdir. Ýaňy-ýakynda hem Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine baryp, 2021-nji “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylymyzda ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişi bilen tanyşdy. 2021-nji ýylda ýurdumyzda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegine Mähriban Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän, sporty özlerine hemra edinen halkymyz sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Bu ýaryş biziň üçin has-da ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda  dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy.

Atageldi GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok