Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitde yklymlary birleşdirýän logistik merkez

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTAN SEBITDE YKLYMLARY BIRLEŞDIRÝÄN LOGISTIK MERKEZ

Ýol gurluşygy fakulteti,
“Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy A.Goçakowa

Türkmenistanyň Prezidenti
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

          “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna gönükdirýäris. Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarynda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyny ýokarlandyrýar”

          Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan soňky ýyllarda halkara giňişliginde Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäde abadançylygy we parahatçylykly ösüşi üpjün etmäge, häzirki döwrüň iň bir wajyp meselelerini oňyn çözmäge, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanmagyna gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýar. Bu bolsa Türkmenistana goňşy we beýleki döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady ugurlar boýunça alyp barýan gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge mümkinçilik berýär.

          Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna esaslanýan daşary syýasy ýörelgeleri iş ýüzünde hil hem-de mazmun taýdan baýlaşmak bilen bir hatarda, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň täsirli hem-de netijeli guralynyň binýatlyk esaslary bolup durýar. Bitarap Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň netijeleri milli bähbitleri üpjün etmek bilen bir hatarda, parahatçylygyň, asudalygyň, howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň hatyrasyna alnyp barylýan tagallalara mynasyp goşant goşmagyň beýanydyr. Bitaraplyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolmak bilen, okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup, goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyga düýpli itergi berýär.

          Halkara giňişliginde Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, dünýä jemgyýetçiligini parahatçylygy pugtalandyrmak, howpsuzlyk hem-de durnukly ösüş işlerinde giňden goldaýan jogapkärçilikli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi. Milli Liderimiz ulag-kommunikasiýalaryň ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze hukuk hereketlendiriji güýçlerini döretmek boýunça başyny başlan işleriniň ýurduň halkara at-abraýyny, türkmen Liderine syýasy taýdan ynamy ýokarlandyrandygy ikuçsyzdyr. Şundan ugur almak bilen, milli Liderimiz BMG-niň belent münberinden Birleşen Milletler Guramasynda, häzirkizaman dünýäsinde uzak möhletleýin yzygiderli ösüş üçin, “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty”, “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” rezolýusiýalaryny kabul etmek boýunça anyk ädim ätdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly döwlet baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpgöter özgertmäge gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalar kabul edilýär. Bu maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagy bolsa, hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň nusga alarlyk derejede durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

          Türkmenistan döwletimiziň geografiki taýdan amatly ýerde  ýerleşendigi sebäpli şu günki günde gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň örän möhüm bölegine öwrülýär. Bu ýol gadymy döwürlerden bäri Ýewropanyň we Aziýanyň halklaryny birleşdiripdir. Häzirki döwürde bolsa, ol onlarça döwletler üçin ygtybarly ulag geçelgesi bolup hyzmat edýär.

          “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda ata Watanymyz sebit boýunça ulag-logistika we halkara ähmiýetli üstaşyr geçelgeleriniň möhüm merkezi bolmak bilen, demir we awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, täze logistiki merkezlerini gurmak işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasa ýugrulan, öňdengörüjilikli hem-de ynsanperwer syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan hyzmatdaş ýurtlar bilen gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň çäklerinde, milli we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrýar.

          Biziň ýurdumyzyň çäginde ulag üstaşyr geçelgesini döretmek üçin täze ulag ýollary, howa menzilleri gurulýar. Polat magistrallar çekilýär, logistik merkezler döredilýär. Gazagystan – Türkmenistan – Eýran yklymara demir ýoly, Demirgazyk-Günorta halkara geçelgesiniň möhüm ulag arteriýasyna öwrüldi. Amatly we ykdysady taýdan peýdaly bolan bu demir ýol geçelgesi Aziýa bazarlaryna ýoly açýar, bu demir ýol göni ummana çykmaga mümkinçiligi bolmadyk Türkmenistan we Gazagystan üçin diýseň möhümdir. Mundan başga hem öz çäklerinde logistik merkezleri emele getirip, ýoluň üstaşyr geçýän döwletleri hökmünde hem ýurtlar artykmaçlyga eýe bolýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer başlangyçlarynyň netijesinde, Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) demir ýolunyň açylmagy bilen Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna goşmak hem-de onuň üsti bilen halkara ýollara birleşdirmek baradaky tagallalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Polat we awtomobil ýollar Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazarda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty bilen birleşdirýär. Şondan aňry Hazaryň üsti bilen Baku şäherine çenli, soňra Tblisiniň üsti bilen Ankara we Stambul şäherlerine çenli dowam eder.

          Ýurdumyzda Demirgazyk – Günorta hem-de Gündogar – Günbatar ugurlar boýunça üstaşyr ulag daşamalarynyň mukdaryny artdyrmak boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

          Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan Türkmenbaşy – Farap we Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýollarynyň gurluşygy, magistral awtoýollar ulgamynyň durkunyň täzelenmegi, ýokary tizlikli ýollaryň çekilmegi ýurdumyzda awtomobil ulaglary arkaly halkara ýolagçy we ýük daşamalary üçin amatly şertleri döredýär. Türkmenistan – Gazagystan serhedi, Türkmenabat – Daşoguz, Mary – Serhetabat awtomobil ýollarynyň çekilmegi hem möhüm taslamalaryň hataryna girýär.

          Dünýäniň iri maýa goýum guramalarynyň ünsüni özüne çekýän üç tapgyrdan ybarat bolan ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulmagy hem meýilleşdirilýär. Hususanda birinji tapgyrda Aşgabat – Türkmenbaşy, ikinji tapgyrda Aşgabat – Farap we üçünji tapgyrda bolsa Aşgabat – Daşoguz ýokary tizlikli awtomobil ýollary gurlar.

          Hormatly Prezidentimiziň ýol gurluşyk pudagynyň ösmegi barada edýän taýsyz tagallalary bilen, ýol pudagynyň işiniň durnukly ösmegi üçin ähli şertler döredildi, täze döwrebap tehnikalary ulanmak arkaly, awtomobil ýollarynyň we emeli desgalaryň gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

          Awtomobil ýollarynyň we olaryň ugrundaky emeli desgalaryň gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, ýol ulgamynyň kämilleşmegine öz täsirini ýetirer we ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş ykdysady taýdan ösmegine uly itergi berer.

EDEBIÝAT:

1. Arkadagyň ajap eýýamy. – Aşgabat, 2017.

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy. – Aşgabat, 2019.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy. – Aşgabat- 2019.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok