SAGLYK – MENIŇ BILÝÄN IŇ GOWY LUKMANYMDYR

Saglygyň özi lezzet çeşmesidir, iň bolmanda
oduň ýylylyk berişi ýaly, saglygyň hem lezzet bejergisi ikuçsyzdyr.

Halkymyzyň saglygyny kesgitleýän esasy alamatlarynyň biri hem iýmit önümleri bolup durýar. Gadymy hem-de müdimi halkymyzyň paýhas hazynasynda «Görk agyzdan, görmek eginden» diýen pähim bar. Sagdyn iýmitlenmek barada gadymy grek alym lukmany Gippokrat: «Seniň iýýän iýmitiň seniň dermanyň bolmaly» diýip bellese, amerikan syýasatçysy Benjamin Franklin: «Iýmek üçin ýaşamaly däl-de, ýaşamak üçin iýmeli. Näçe köp iýdigiňçe, şonça-da köp kesellärsiň» diýip nygtaýar. Görnüşi ýaly, iýmitlenmegiň hem öz kadalary we möçberi bar. Aşgazana agram salmagyň dürli kesellere getirip bilýändigini häzirki zaman lukmançylygy hem tekrarlaýar. Şeýlelikde, iňlis alymy Jon Lebbokyň aýdyşy ýaly: «Biziň saglygymyz lukmançylyk sungatyna däl-de, köplenç babatda iýýän iýmitimize we endiklerimize baglydyr».

Milli Liderimiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn  ösmegi, güllemegi we dünýä döwletleri bilen aýakdaş gadam urmagy üçin zerur bolan ähli aladalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp sözleri bar: “Saglyk abadançylygyň we gülläp ösüşiň altyn açarydyr”. Adamyň saglygyndan öňe geçjek zat ýok. Şunda arassaçylyk esasy orun eýeleýär. Arassaçylyk saglygyň girewidir. Şonuň üçinem, ony berk berjaý etmek biziň jana-jan borjumyzdyr. Arassaçylygyň berk berjaý edilmegi öňi bilen adamy dürli ýokanç kesellerden goraýar. Tämiz geýinmek, sagdyn iýmitlenmek saglygy goraýyş kadalarynyň esasyny düzýär. Arassaçylyk tertip-düzgünlerini diňe bir jemgyýetçilik ýerlerinde berk berjaý edileni bilen oňmak bolmaz. Arassaçylyk, päkizelik maşgala ojagyndan başlanýar.

Sagdynlyk, abadanlyk, jebislik ýörelgeleriniň amala aşyrylmagy adamlaryň ykbalyndaky täze döwürdir, adamyň barha gymmaty artýan derwaýys durmuş endikleriniň we ýaşaýşa ynamynyň subut edilen durmuş sahypasydyr. Mälim bolşy ýaly, abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ösüp barýan ýaş nesli döwrüň talabyna laýyklykda sagdyn, bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, döwletimiziň güllemegine öz goşandyny goşup biljek ýaşlar edip ýetişdirmekde giň gerimli, asylly, bähbitli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolmagyny arzuw edýäris!  Sagdynlyk, gözellik, uzak ömür sürmek babatdaky nusgalyk  işlerinde bolsa, rowaçlyklar ýaran bolsun!

Şageldi AMANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok