Parahat mesgeniň «Talyp gözeli—2021»

     Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda her ýyl gözellik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Ynha, şu gün hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir ajaýyp ýerinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda berkarar döwletimiziň bagryýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň ugurtapyjylygyny, iş başarjaňlygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny bilşini, edep-ekramlylygyny, medeniýetini açyp görkezmek maksady bilen her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň jemleýji, döwlet tapgyry geçirildi.

      Bäsleşige Diýarymyzyň ýokary okuw jaýlaryndan jemi ýigrimi bir talyp gözelleri gatnaşyp, olar üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şert boýunça talyp gyzlar döwrümiziň ösüşlerini, türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyp-başarnygyny, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, manalogdyr sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde bäsdeş gyzlar Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp türkmen tagamy bolan unaş kesmek boýunça bäsleşdiler. «Talyp gözeli – 2021» bäsleşiginiň ahyrky üçünji şertinde talyp gözelleri «Hünärim bar— hormatym bar»ady bilen özleriniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezdiler.   

    «Talyp gözeli – 2021» atly bäsleşiginiň ýeňijileri ýörite eminler topary tarapyndan yglan edildi. Bäsleşigiň jemlerine görä baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnäz Ataýewa mynasyp boldy. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Gurbanberdiýewa Merjen 1-nji orna, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş inistitutynyň 1-nji ýyl talyby Aýnur Kuliýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen döwlet milli dünýä diller institutynyň 2-nji ýyl talyby Şirin Döwranmyradowa dagy 2-nji orna, Türkmenistanyň Döwlet energetika inistitutynyň 1-nji ýyl talyby Gyzylgül Seýisowa, Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň 3-nji ýyl talyby Güljemal Amangulyýewa we S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Ogulnabat Şyhmyradowa dagy agzybirlikde 3-nji orna mynasyp bolmagy başardylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary, gymmatbahaly sowgatlar, şeýle hem oňa işjeň gatnaşanlara höwslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Biz hem öz gezegimizde talyp gözellerini mynasyp bolan orunlary bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys. Baýrakly orunlaryňyzyň höwri köp bolsun, talyp gözelleri!

Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Teswirler

Yazi

Turkmenistanyň Oguz Han adyndaky uniwersitet näçinji ýeri aldy?