Uzak wagtdan bäri adamlary häli – şindi bimaza edip gelýän derdiň biri hem üsgülewükdir. Üsgülewük köplenç sowuklamanyň netijesinde döreýär we keseliň alamaty bolýar. Adamyň dem alyş ýollarynda gakylygy döredýär we dem almagy kynlaşdyrýar. Şol alamatlary bolan adamlara lukmanlar tarapyndan köp suwuklyk içmek maslahat berilýär. Sebäbi ol adamyň dem alyş ýolundaky gakylygy suwuklandyrýar we bedenden daşa çykmagyny ýeňilleşdirýär. Bu bolsa üsgülewigiň ýeňil geçmegine ýardam berýär.
Üsgülüwüge garşy göreşmekde iň peýdaly ösümlik çaýy bu – düzüminde glikirrizin maddasy bolan buýan köküniň çaýydyr. Hünärmenler tarapyndan syçanda geçirlen barlaglaryň netijesinde buýan köküniň çaýynyň üsgülewidiň ýygylygyny peseltmekde 78 % peýdalydygy belli boldy. Emma buýan köküniň çaýy göwreli aýallara maslahat berilmeýär.
Buýan köküniň çaýyny nähili taýýarlamaly ?
Buýan köki bilen ösümlik çaýynyň taýýarlanylyşy ýönekeýdir. Ilki buýan köküni maýdajyk böleklere bölüp bir nahar çemçesini bir stakan suwa goşmaly we garyndyny gaýnatmaly. Soňra içgini sowatmaly. Içgini günde 3-4 stakan içmek ýeterlikdir.
Mundan başgada üsgülewik bilen ejir çekýän syrkawlaryň derdini ýeňilleşdirmek üçin olaryň ýaşaýan otagyny ýelejiretmeli we poluny ýuwmaly. Sebäbi otagda tozan köp bolsa, otag dymyk ýa-da gurak bolsa, dem alynýan howa nemli bardany gyjyndyrýar. Üsgülewügi güýçlendirýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly üsgülewük keseliň alamaty bolup durýar. Diýmek biz ony ýok etmek arkaly durmuşda döräp biläýjek birnäçe keselleriň öňüni alyp bilýäris.
Buýan köküniň çaýy – üsgülewigiň dermany !
.
Şyhmyrat Söýünow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler