Taslama Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hereket edýän “Ýaş alymlar geňeşi” -niň talyplary tarapyndan işlenilip düzüldi. Taslama esasan iki bölümden, ýagny Sanly Bilim Ulgamyndan we Bilim Portalyndan ybaratdyr. Sanly Bilim Ulgamy her mekdebe aýratyn gurnalyp, okuwyň gidişini dolandyrmak, ýagny okuwçynyň gündeligi, mugallymyň žurnalynyň elektron görnüşi, okuwçylaryň ýetişigi we gatnaşygynyň hasabatlary, ders rejeleridir temalary ornaşdyrylandyr. Bilim Portaly bolsa internetde aýratyn websaýt görnüşde ýerleşdirilip, özüniň okuw üçin peýdaly gollanmalardyr kitaplary, wideo we audio materiallary, şeýle hem informatikadan meseleler ulgamy bilen ulanyjylary özüne çeker.
Sanly Bilim Ulgamynda ähli ulanyjylar 4 görnüşde bolup olar: administrasiýa, mugallym, ene-ata, okuwçy. Her bir ulanyjynyň öz şahsy otagy bolup, ulanyjynyň görnüşine görä bölümleri üýtgeýär:
Müdir: okuw jaýy barada, ulanyjylar, okuw ýyl senenamasy, ders dolandyryjy…
Mugallym: bahalar žurnaly, dersler rejesi, okuwçylar, temalar, öý işler…
Okuwçy: gündelik, temalar we öý işler, çärýekler…
Ene-ata: okuwçy saýlamak we okuwçynyň gündeligi, temalary, öý işleri, çärýekleri…
Bilim Portaly esasy bölümler kitaphana, awtorlar, makalalar, programmirlemeden meseleler bölümlerden ybarat. Kitaphana bölüminde gerekli kitaby tapmak has aňsat bolmagy üçin gözleg, bölümlerdir, tegler bilen üpjün edilen. Şeýle hem kitaphananyň ýene bir aýratynlygy QR-kod arkaly gözleg: her bir kitabyň kagyz görnüşiniň arkasyna QR-kod birikdirilen bolup, ony portalyň kömegi bilen skanirlenende onuň elektron görnüşi peýda bolýar. Awtorlar bölüminde ähli awtorlar we olaryň ömri we döredijiligi ýerleşdirilen. Makalalar bölümi giň bölüm bolup onda her dürli maglumatlar ýerleşdirmek bolar, meselem temalar, bloglar we bellikler. Programmirlemeden meseleler bölümi hem özboluşly bolup, onda her dürli meseleler ýerleşdirilip, portalyň kömegi bilen her bir meseläni 32 sany dürli programma diliniň kömegi bilen barlagdan geçirip çözmek bolýar.
Taslamanyň baş maksady sanly maglumat gorlary artdyrmak we bilim ulgamynda sanly tehnologiýanyň güýjüni doly peýadalanmak bilen mugallymlaryň işini ýeňilleşdirmek we okuwçylara berilýän bilimiň hilini ýokarylandyrmak.
Solmaz ÝAMADOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.
Teswirler