Owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär

Lebap welaýatynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümi dowam edýär. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli maldarçylyk hojalyklarynyň tejribeli dowardarlary ene mallardan sagdyn owlak-guzy almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Welaýatda maldarçylyk hojalyklarynyň 8-si bolup, olarda ene mallaryň 84,4 müňe golaýy bakylýar. Olardan şu möwsümde owlak-guzularyň 76,6 müňden gowragyny almak meýilleşdirilýär. Jemgyýetçilik mallarynyň orta we ýokary semizlikde gyşladylmagy, möwsüme taýýarlykly girişilmegi gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu barada welaýat gazeti habar berýär.

Aýnura Jumaýewa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok