“Berkarar söwda we dynç alyş merkezi” 1-nji martdan öz işine başlar

2021-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň içindäki ähli zatlar gaýtadan işe başlar. Bu barada “TurkmenPortal” habar berýär.

Belläp geçsek, 2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaýyň öňüni alyş çäreleri sebäpli Berkarar söwda merkeziniň wagtlaýyn ýapylandygyny habar beripdik. Häzirki wagta çenli, söwda merkeziniň diňe azyk önümleri we öý himiki önümleri bolan dükanlary müşderilere hyzmat edip geldi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok