“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Stambul şäherindäki konsullygynyň, şeýle hem, Stambul uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan çykan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ktabynyň türk diline neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Wideo aragatnaşyk arkaly amala aşyrylan bu dabara Türkmenistanyň Daşar işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyplary hem gatnaşdylar.

          Dabaranyň dowamynda çykyş eden taraplar bu kitabyň gadyr-gymmatynyň näderejede ýokarydygyny nygtap geçdiler. Türk dilinde “Türkmen’in refah ilkesi” adyny alan bu kitapda getirilen gyzykly rowaýatlar, “döwletlilik” düşünjesiniň çuňňur many-mazmuny barada buýsanç bilen bellenildi

          Tanyşdyrylyş dabarasynda diňe bir türkmen wekiliýeti çykyş etmän, eýsem, Türkiýäniň abraýly uniwersitetleriniň rektorlary we professor-mugallymlary hem bu kitabyň türk dilindäki neşirine ýokary baha berendiklerini öz çykyşlarynda aýan etdiler.

          Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimize şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin çuňňur hoşallygyny bildirdiler.

Mekan Annagylyjow
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok