Ene diliniň mukaddesligi

Halkyň iň gymmatly baýlygy, milliligi ene dilimizde jemlenýär. Sebäbi ene dili halkyň asyrlarboýy durmuş tejribesinden, paýhasyndan kemala gelýär. Köp asyrlaryň dowamynda döredilen şeýle gymmatlygy ylmy esasda öwrenmek, wagyz etmek we ýaş nesillere düşündirmek mukaddes işleriň biridir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem hormatly Prezidentimiz türkmen dilini çuňlaşdyryp öwrenmäge we has-da baýlaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Esasan, hem Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri, nusgalyk kitaplary ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge gollanma bolup durýar. Bu nusgalyk kitaplarda dilimiziň baýlygyny, gadymy sözleri çuňňur düşünmäge mümkinçilik döretýär.

Dil durmuşda adamlaryň parahatçylykly ýaşamagyny, bir- birleri bilen düşünişip bilmeklerini üpjün etmek üçin zerurdyr. Diller durnukly ösüşe we global şertleriň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklara tarap ösüşiň strategiki hereketlendirijileriň biri bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda dünýäde 6 müňden gowrak dil bar. Bilim we jemgyýetçilik ulgamynda diňe müňden gowrak dil möhüm orun eýeleýär. Sanly tehnologiýalar  ulgamynda bolsa ýüze golaý dil ulanylýar. Ene diliniň ýaýramagyny öňe sürmek üçin alnyp barylýan işler diňe bir lingiwistik dürlüligi we köp dilligi ösdürmekden ybarat bolman, eýsem dünýädäki medeni däp-dessurlaryň ähmiýetine düşünmek hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzda giňden ýaýratmakda örän wajyp hasaplanylýar.

Ene dilleriň ýaýramagyny öňe sürmek üçin ähli ädimler diňe bir dil dürlüligini we köp dilli bilimi ösdürmäge  däl-de, has doly tanyşlygyň ösmegine hyzmat edýär. Diller maddy we ruhy mirasymyzy gorap saklamak we ösdürmek üçin iň güýçli guraldyr. Aragatnaşyk, duýmak we pikirlenmek üçin gural hökmünde, dil dünýäni nähili görýändigimizi we geçmişiň, şu günüň we gelejegiň arasyndaky baglanyşygy görkezýär. Jemgyýetiň dürli dilde gepleýändigine we şoňa görä-de medeni köpdürliliginiň bardygyna garamazdan, öz ene dilini hem-de şonuň esasynda medeniýetini, däp-dessurlaryny saklaýar. Ene dili öz-özüne düşünmegiň we milletara baglanyşygyň beýanydyr.

Gözel MAŽYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

                                               

                                                                 

                                                                           

                                                                                                  

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok