Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Gorçy

Çüňki gök reňkli guşy bilýänizmi? Egerde bilmeýän bolsaňyz ýurdumyzda duş gelýän gorçynyň (Oxyura leucocephala) çüňki şeýle täsin reňkdedir. Gazşekillileriň ählisiniň durmuşy suw bilen bagly bolandygy sebäpli olaryň penjeleriniň arasy perdeler bilen örtülendir. Ol bolsa suwda ýüzmek üçin amatlydyr. Ondan başgada bu guşlar ýeleklerini ýaglap durýar, şol sebäpli hem suwda bolsada öl bolmaýarlar. Olaryň ýene bir aýratynlyklary gür ýerleşen ýelekleridir.

Gorçynyň görki diýseň ajaýyp, ganatlary gysga, orta ölçegli ördekdir. Horazy uly ak kellesiniň gara depelidigi, çişik çüňküniň mawymtyldygy we pahnaşekilli guýrugynyň ýokaryk galyp durandygy bilen aňsat tanalýar. Garabaşly horazlarynyň ýaz-tomus döwründe duşmaklary mümkin. Ýelek örtüginiň galan ýerleriniň reňki mele we goýy reňkleriň utgaşmagynda goýy-çypar reňklidir. Mäkiýanynyň kellesi iki sany kese ak zolakly goýy-goňur,çüňki bolsa calymtyl-mawy bolýar. Iki jynsyň  hem aýaklary gyzyl öwüşginli çal, ýüzgüç perdesi çalymtyl-garamtyl reňkli. Ýaşlary mäkiýana meňzeşdir. Suwda guýrugyny ýatyryp ýa-da dik ýokary galdyryp ýüzýarler. Suwa ýeňillik bilen we oňat çümýärler. Suwuň düýbünde ýarym minut ýüze çykmazdan 40 metr aralygy geçip bilýär. Hyjuwsyz uçýär. Örän ümsüm, eger-de sesini çykaraýsa, onda manysyz basyk gagyldy çykýar. Gorçynyň uzynlygy – 43-49 sm, horazlarynyň ganaty– 16-17,5 sm, mäkiýanlarynyňky – 15-17 sm, ganatlarynyň gerimi – 63-71 sm. Bu guşlar uçuş ukybyny saklap galan iň kiçi ganatly guşlara girýär.      

Gorçyny Türkmenistan  ülkämizde – Hazar deňzinde, Etrek, Garagum, Tejen, Murgap we Amyderýa derýalaryň boýunda duşmagy mümkin bolýar. Merkezi we Kiçi Aziýanyň günortasynda gyşlaýar.

Ýurdumyzda uçup geçýän, gyşlaýan, şeýle-de ýurduň demirgazyk we gündogar böleklerinde höwürtgeleýär. Gorçy  fewralyň aýagynda we martda, güýzine – oktýabr – noýabrda uçup geçýär. Süýji we şorlaşan suw ýataklarynda saklanýar. Iýun-iýul aýlarynda köpelýär. Adatça, gamyş jeňňelligindäki ösümliklerden höwürtge gurýar we 5-7 sany irimçik, büdür-südir, mawy gabykly uly ýumurtgalary goýýar. Jüýjelerini çykartmak mäkiýanyň wezipesi hasaplanylýar. Bu täsinjeler gizlin gezýär. Ösümlik (ýaprak, suwoty, tohum) we haýwan (maýda balyklar, leňňeçşekilliler, balykgulaklar) iýmiti bilen iýmitlenýär. Gündizki guş bolsada, uçuş migrasiýasy gije bolýar.

Gorçy örän seýrek, gowşak öwrenilen görnüş. Ol TGHB-iň (Tebigaty goramagyň halkara birleşigi) Gyzyl sahypasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen.

Bu guşlaryň sanynyň kemelmeginiň sebäpleriniň biri hem olaryň ýaşaýyş ýerleriniň gysgalmagy, awlanylmagydyr. Ondan başgada suw howdanlarynda gidrologik düzümiň bozulmagy, ýagny tebigy kölleriň guramagy, batgalyklaryň özleşdirilişi bilen hem baglydyr. Gelejekde bu täsinjeleriň sany köpeler diýip niýet edýäris.

.

Aziza Beşimowa,

Lebap welaýatynyñ
Döwletli etrabynyň 27-nji orta
mekdebiniň  biologiýa mugallymy,
WWF taslamasynyň bilermeni.

Teswirler

Yashin

Super