Ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi

“Parahatlyk ýürek aýdymy – Türkmenistan dostluk mekany ” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bäsleşigiň esasy şertleri Watanymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary, hekaýalary hem-de makalalary ýazmakdan ybarat boldy. Bäsleşige hödürlenen eserleriň içinden has gowy 20 sanysy  emin agzalar tarapyndan saýlanyldy.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,Türkmensitanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýylyň şygaryna bagyşlanyp geçirildi.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

OGULJENNET  BAÝMUHAMMEDOWA,
Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok