Asfaltbeton önüminiň hilini ýokarmandyrmagyň usuly

Hormatly Prezidentimiziň badalga beren giň möçberli ähli durmuş-ykdysady taslamalarynda ýol gurluşyk maksatnamalary we ekologiýa howpsuzlygy doly göz öňünde tutulýar. Bu maksatnamalar ýurdumyzyň  ähli sebitlerinde hereket edýän  awtomobil ýollaryň durkyny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak, kämil tehnologiýalary we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär [1-2].

Häzirki wagtda ýol gurluşyk maksatnamalary amala aşyrmak maksady bilen ýokary tizlikli, ygtybarly we durnukly ýollaryň gurluşygyna badalga berildi [2].

Ýol ulgamlary gurlanda esasan asfaltbeton önüminiň hilini ýokarlandyrmak tehnologiýasy häzirki wagtda esasy aktual meseleleriň biri bolup durýar [3-4].

Ýurdumyz boýunça her ýylda ulanylan ýa-da hatardan çykan pokryşkalar, şinalar we beýleki rezin önümleri takmynan 3 müň tonnadan gowrak möçberde emele gelýär. Mundan başga-da önümçilikde rezin zyňyndylaryň we dürli görnüşlerdäki baklaşkalaryň köp sanly möçberi döreýär.

Ulanylan şinalaryň möçberiniň köpelmegi her ýylda 3% deň bolýar. Ulanylan zyňyndylaryň esasan reziniň gymmatly görnüşleri bolan zyňyndylaryň bir bölegi ýyllap ammarlarda saklanylýar, kä halatlarda käbir bölegi gowy bolan ýagdaýynda-da ýakylýar ýa-da gömülýär we onuň bilen bilelikde daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýär.

Ulanylan şinalary gaýtadan işlemegiň ekologiki meselesi dünýäniň ähli ýurtlarynyň köpüsinde ähmiýetli bolup durýar [5].

Ulanylan şinalary ykdysady taýdan netijeli peýdalanmagyň meselesi ýarym asyrdan bäri zerurlyk edýän hem bolsa, häzirki wagtda bu aktual mesele boýunça ähli  ýurtlarda onuň oňyn çözgüdi amala aşyrylmaýar.

Gaýtadan işlemegiň iň ýönekeý we amatly usuly rezin zyňyndylaryny 0,6 mm ululyga çenli owratmakdan ybarat bolup dyrýar.  Asfaltbetonyň düzümine goşulanda asfalbeton önüminiň  fiziki-mehaniki we himiki häsiýetleriniň ýokary derejede  bolmagyna mümkinçilik döredýär [5].

Şepbeşik we mastika materiallary, şeýle hem olaryň esasyndaky önümler ýol gurluşyk obýektlerinde işleriň ähli göwrümini öz içine  almaga mümkinçilik berýärler [5].

Şeýle hem bu materiallar asfaltbetonyň düzüminde ulanylmagy awtomobil ýollaryny örtmede gurluşyk işleriniň bejergisiniň amatly bolmagyna we ýol ulgamlaryny asfaltbeton örtmeleriň hiliniň ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär [5].

Asfaltbeton önümi taýýarlananda esasan 1 m3 asfaltbetonyň düzümi aşakdaky gurluşyk materiallardan ybarat bolup durýar:

Çäge – 46%, Mineral paroşok –5,5%  Şeben – 46% (diametri 5-15 mm  çenli),  Bitum – 4,5%.

Asfaltbeton önümiň hilini ýokarlandyrmak üçin hatardan çykan  rezin önümleriň öwradylan görnüşini  asfaltbetonyň düzümine goşulanda, ýagny,  1 m3 asfaltbetonyň düzümini aşakdaky görnüşde  kabul edilende:

Çäge – 46%, Mineral paroşok –5,5%  Şeben – 46% (diametri 5-15 mm  çenli),  Bitum – 3,5%, rezin (owradylan görnüşi)  1 % (diametri 0,5 mm çenli).

Ýokardaky görkezilen 1 m3 asfaltbetonyň düzümleri boýunça asfaltbeton önümlerini taýýarlap, onuň hilini barlagdan geçirmek üçin awtoýolyň üstüne    asfaltbeton önümleri örtüldi. Soňra Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň  Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän asfaltobeton kärhanasynyň laboratoriýa enjamlary bilen ylmy önümçilik-tejribe işlerini geçirip synag edildi [3-4]. Netijede  aşakdaky görkezijileri  subut edildi (1-nji tablisa).

Awtomobil ýolunyň üstüne Asfaltbeton önümlerini örtülip synag edilende,
onuň görkezijileriniň deňeşdirme häsiýetleri

  GörkezijileriAsfaltbeton önümiAsfaltbeton önümi (rezin owuntygy goşulanda)TDS 9128-97 kadasy boýunça
Gysma berkligi, МПа, 500 С 200 С  00 С1,3 4,5 13,72,2 5,7 10,0≥ 1,3 ≥ 2,5   9,0-11,0
Gysma maýyşgaklygy, МПа,    500 С, 00 С120 2000200 640 
Süýşme (gozganma), berkligi, МПа, 00 С3,62,7  –
Suwdurumlylygy0,81,00,85-0,95
Uzak wagtlap suw saklananda, durumlylygy0,650,980,75-0,9
Suwdoýgunlygy, %1,81,71,5-4,0

1-nji surat. Asfaltbeton önümiň gysma berkliginiň deňeşdirme grafigi
2-nji surat. Asfaltbeton önümiň gysma maýyşgaklygynyň
deňeşdirme grafigi

Geçirilen ylmy önümçilik-tejribe  işlerine seljerme berilende, rezin owuntygy goşulyp taýýarlanan asfaltbeton önümiň hili, ýagny, 1-nji tablisadaky we deňeşdirme grafikleriň görkezijileri boýunça aşakdakylary esaslandyrmak bolar:

  1. asfaltbeton önümiň hili ýokarlanýar;
  2.  asfaltbeton önümiň ulanmak möhleti berkligi we durumlylygy boýunça iki essä golaý uzalýar;
  3. asfaltbeton önümlerini awtoýolyň üstüne örtülende jaýryklaryň emele gelmegine durumly bolýar;
  4. süýşme (gozganma)  berkligi 30 göterim köpelýär:
  5. suwdurumlylygy 25 göterim artýar:
  6. daşky gurşawyň arassa saklanmagyna ýardam berýär;
  7. awtoýol ulgamlarynyň bejergi işleriniň çykdajysyny peseldýär;
  8. awtoýol ulgamlarynyň bejergi işlerinde asfaltbeton önümlerini tygşytly ulanmaga ýardam berýär.

Şeýlelikde, geçirilen ylmy önümçilik-tejribe  işleri boýunça ýurdumyzda her ýylda ulanylan ýa-da hatardan çykan pokryşkalary, şinalary we beýleki rezinleri asfaltbeton önümleri taýýarlananda onuň düzümine goşulanda oňyn netije berýändigi belli boldy.

                  Ylmy işiň täzelikleri aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

  1. Asfaltbeton önümiň fiziki-himiki düzümi kämilleşýär.
  2. Asfaltbeton önümiň fiziki-mehaniki häsiýeti ýokary derejede  bolýar.
  3. Awtotransport  serişdeleriniň gatnaw hereketlerinde ýol howpsuzlyk koefisiýenti peselýär.

Ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýol ulgamlarynyň gurluşygynda we onuň durkyny täzelemek işlerinde asfaltbeton önümine rezin owuntygy goşulyp ulanylanda onuň hiliniň berkligi, maýyşgaklygy we suwdurumlylygy şeýle hem bejergi işleriniň çykdajysyny peselýändigi bilen tapawutlanýar. Gelejekde ýurdumyzda bu usuly ulanylanda ätiýaçlyk asfaltbetonyň emele gelmegine hem ýardam berer.

3-nji surat. Ýol ulgamlarynyň gurluşygy

ULANYLAN  EDEBIÝATLAR

  1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Bilim – bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk. – A.: TDNG, 2014.
  2. Türkmenistanyň Gurluşyk we energetika toplumyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy.  – A., TDNG, 2019.
  3.  TDS 9128-97.Awtomobil  ýollary. – A., 2000.
  4. Ýagmyrow Ý. Ýol işleriniň tehnologiýasy, mehanizasiýasy we awtomatizasyýasy.  – A., Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011.
  5. Смирнов Н. В., . Смирнов Б. М., Булгаков А. П. Новые технологии-инжинилинг. НПГ “ИНФОТЕХ”. Санкт-Петербург. 2010.

Gaýypnazar BALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok