Halkara ene dili güni

Her bir halkyň özboluşly medenýeti, taryhy, däp-dessurlary, ýaşaýyş usuly hem-de özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ene  dili bardyr. Ýer ýüzünde uly halkyň we iň kiçi milletiň dil bazasyny goramak gaty möhüm mesele bolup durýar.

Her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Halkara ene dili güni,  ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary bilen 1999-njy ýylda döredilip, onuň esasy maksady ýitmek howpy abanýan dilleri goramaga gönükdirilendir. Bu halkara güni 2000-nji ýyldan bäri bütindünýäde bellenip geçilýär. ÝUNESKO-nyň hasaplamalaryna görä, dünýäniň takmynan 6 müň diliniň ýarysy soňky gürleýjilerini ýitirip biler. Bu mesele gaty möhüm we derwaýys, sebäbi  ýer ýüzünde her iki hepdeden bir dil ulanylyşdan galyp, ýitip gidýär.

Bu halkara günüň 21-nji fewralda  saýlanyp alynmagynyň taryhy gözbaşysy, 1952-nji ýylda Päkistanyň şol wagtky hökümeti urdu dilini ýurtda 3%-e golaýdan köp peýdalanmazlygyna garamazdan, döwletiň ýeke-täk resmi dili diýip yglan edilmegi, 21-nji fewralda  döwlete garşy uly gozgalaň turýar. Şol günde Bangladeşiň paýtagty Daka şäherinde polisiýa bilen çaknyşykda köp sanly adamlar pida bolup, halkyň içinde  taryhy güne öwrülýär.   Bu gapma garşylyk netijesinde, 1971-nji ýylda gündogar päkistanlylar ýurtdan bölünip özbaşdak döwlet bolýarlar we häzirki wagt Bangladeş ady bilen tanalýar. Şol wakadan bäri bu gün Bangladeşde “Şehitler güni” diýip resmi taýdan yglan edilip, 1999-nji ýylda ÝUNESKO-da Bangladeş hökümetiniň arzasy bilen 21-nji fewral “Halkara ene dil güni” diýlip yglan edilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy hem öz gezeginde 2008-nji ýyly Halkara diller ýyly, hem-de 2010-njy ýyly  Medeniýetleriň ýakynlaşmasynyň  halkara ýyly diýip yglan edýär.

ÝUNESKO ýer ýüzünde gepleşik dilleriň howply halda bolup, ýarsyna golaý ýitip gitmegine garşy  ene dilini  dürli milletlerde goldamak niýeti bilen Halkara medeni gatnaşygy ösdürmekligi öňe sürdi.

Dilleriň ýitmegi bilen baglanyşykly dünýäniň belli hünärmenleriniň  aýtmaklaryna görä, dürli-dürli sebäpleri bar.

Hünärmenler, bir diliň ýaşamagy üçin azyndan 100 müň adam gürlemeli diýip hasaplaýarlar. Aslynda hemişe diller döräpdir, bar bolupdyr, käbir sebäplere görä ýitip, hatda käte yz hem galdyrmandyr. Emma XX asyrdaky ýaly çalt ýitip gitmedi.

Täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen milli gymmatlyklary az bolan milletleriň, halklaryň öz dilleri bilen tanalmagy hasam kynlaşdy. Galyberse-de, häzirki zaman dünýäsi üçin häzirki wagtda internetda görkezilmeýän dil ýok. Gitdigiçe dilleriň ýitmegi bilen dil dürlüligi howp astyndadyr. Dünýä ilatynyň 40%-i düşünýän dilinde bilim almaga mümkinçiligi ýok. Muňa garamazdan ene diline esaslanýan köp dilli bilim ulgamynda öňdegidişiklik gazanyldy.

Köp dilli we köp medeniýetli jemgyýetler, adaty bilimleri we medenýetleri yzygiderli ýaýradýan we gorap saklaýan dilleriniň kömegi bilen bar.  Köp milletli ýurtlarda, ene diliň maşgalada ýürgünliligi, aslynda ýurdyň baýlygy hökmünde garalýar. Her diliň  ýitmezligi we onuň ösmekligi  üçin esasy şerti, oňa berilýän bahasyna degişlidir.

Adam özüniň  ene diline buýsansa, şol belentlikde hem medeniýetini, ata-babalaryndan galan miraslary goramakda we  ösdürmekde başarjaň bolýar.

Gurbangül ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok