Sanly özgertmeler halkyň hyzmatynda

Bu gün ykdysadyýetiň sanly görnüşini özleriniň milli ulgamlaryna ornaşdyrýan ýurtlar onuň döredýän artykmaçlyklaryny ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň hatyrasyna ulanmagy başardylar. Bu ýagdaý häzirki döwürde sanly gurşawyň ýurduň täze hile geçmeginiň netijeli ýollarynyň biri bolup durýandygyny görkezýär. Şunda ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere her döwletiň özüçe çemeleşýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Häzirki döwürde sanly özgertmeleri durmuşa geçirmekde dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň biri hasaplanýan Ýaponiýada toplanan oňyn tejribe köplerde uly gyzyklanma döredýär.

Häzirki döwürde ylymyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösen ýurdy bolan Ýaponiýada amala aşyrylýan sanly özgertmeleriň beýleki dünýä ýurtlarynyň sanly strategiýalaryndan tapawutly aýratynlygy, ilkinji nobatda, olaryň ýurduň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigi bilen baglanyşyklydyr. «Günüň dogýan ýurdunda» durmuş meselelerini çözmekde sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna uly ähmiýet berilmegini birnäçe sebäpler bilen düşündirip bolar. Ýagny, dünýä göz ýetirmekde, onuň gurluşyny düşündirmekde ýapon milletiniň öz filosofiýasynyň bardygy munuň birinji we esasy sebäbi hökmünde bellenilýär. Ýaponiýada köpçülik tarapyndan ykrar edilýän, beýik akyldarlaryň biri hasaplanýan Konfusiniň pentleri we öwüt-nesihatlary ynsan ömrüniň asylly, şol bir wagtda manyly we düşünjeli ýaşalmagynyň esas goýujy gymmatlyklaryny emele getirýär. Şeýle-de olar durmuşyň dürli çygyrlarynda adamyň özüni alyp barşyny kesgitleýär. Bu ýagdaý ykdysadyýet bilen medeniýetiň aýrylmaz arabaglanyşygyny görkezmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly okuw kitabynda belleýşi ýaly, «Häzirki zaman ykdysady pikir ýokary göterilişiniň ykdysady ösüşiň şol medeniýetiň gymmatlyklary bilen sazlaşykly bolan halatynda başlanýandygyny tassyklaýar» diýen sözleriniň dogrudygyna aňryýany bilen şaýatlyk edýär. Ösüşiň häzirki zaman ýapon nusgasy, ykdysadyýet bilen medeniýet sazlaşykly ösdürilende köpleri haýran edýän ykdysady netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär.

Ykdysady taýdan özlerini alyp barşynda hem bu gymmatlyklaryň kesgitleýji orun eýelemegi bu ýurduň ykdysady ösüşinde uly öňegidişligiň gazanylmagyny şertlendiren sebäpleriň biridir. 20-nji asyryň ikinji ýarymynda Ýaponiýanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler bütin dünýäni haýran etmek bilen, bu hadysanyň «ýapon gudraty» diýlip atlandyrylmagyna esas döretdi.

Umuman, sanly ykdysady ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünsleri güýçlendirmeli bolýarlar.

.

     Berdiýewa Bilbil,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok