Häzirki wagtda dünýädäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan geçen ýylda 852 sany “KAMAZ” awtomibilini satyn aldy. Bu barada Finmarket habarlar agentligine salgylanyp Tmcars applikasiasynyň habarlar bölümi habar berýär.
Bellenilen döwürde «KAMAZ-dan» Gazagystan – 1328 awtomobil we detallaryň ýygnamak üçin toplumyny satyn aldy. Özbegistan 196 we Belarus 109 sany awtomobil satyn aldy.
«KAMAZ» önümlerini Azerbaýjana, Gruziýa, Ermenistana, Gyrgyzystana, Moldowa we Täjigistana iberýär.
2020-nji ýylda kompaniýa şeýle hem Wýetnama (650 awtomobil) we Litwa (100 awtomobil) önümlerini iberdi.
Umuman, «KAMAZ» 2020-nji ýylda Russiýanyň bazarynda satuwyny 7,1% artdyryp, COVID-19-a garşy girizilen çäklendirmeleriň netijesinde daşarky bazarlarda eksportyny 13% peseltdi.
Amangeldiýewa Abadan
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler