Şu ýyl Türkmenistanda 30 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy meýilleşdirilip, ýanwar aýynda olaryň bäsişi ulanmaga berildi. Bu 30 desganyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanandyr. Bu maglumaty “ORIEN.tm” salgylanyp turkmenportal habar saýty habar berýär.
Aprel aýynda Aşgabadyň günortasynda täze hökümet tribunasynyň, halkara kongres merkeziniň, “Arkadag” myhmanhanasynyň, “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň binalarynyň açylmagy meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky desgalaryň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Paýtagtymyzyň demirgazygynda maý aýynda “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhana we onuň golaýynda ýerleşýän ýerasty geçelgeleri bolan täze seýilgäh zolagy açylar.
Iýun aýynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek, Daşoguzda hem-de Türkmenabatda hersinde 3000 orunlyk türkmen ak öýi görnüşinde uly konsert meýdançalaryny gurmak, şeýle hem Kerkide howa menzili we beýleki desgalar gurmak meýilleşdirilýär.
Köpçülikleýin dabaralar üçin şolar ýaly meýdança iýul aýynda Balkanabat şäherinde açylar. Şol aýda hem, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulýan Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň birinji tapgyry bolan Aşgabat-Tejen böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň tomsunda Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda uly dokma toplumlary açylar. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 432 MWt gaz turbinaly elektrik bekedi gurlup ulanylmaga berler.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda täze kottej toplumy ulanmaga berler. Ýubileý ýylynda açylyp, ulanylmaga beriljek desgalarynyň arasyna Aşgabadyň we Daşoguzyň köp gatly ýaşaýyş jaýlary girýär. Şeýle hem, şu ýylyň ahyryna çenli Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, Türkmenbaşydaky we Daşoguzdaky dört sany köpugurly we ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň birinji tapgyryny işe girizmek meýilleşdirilýär.
Babaýewa Altyn
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler