Ildeşimiz rus dili boýunça geçirilen halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy

Watandaşymyz, Saratowyň Döwlet milli gözleg uniwersitetiniň geografiýa fakultetiniň talyby Mekan Çaryýew daşary döwletleriniň ýaşlary arasynda rus dili boýunça geçirilen Halkara onlaýn olimpiadasynyň 1-nji derejeli diplomynyň eýesi boldy. Bu barada şol uniwersitetiň resmi saýtyna salgylanyp turkmenportal habar saýty belläp geçýär.

Belläp geçsek, bu olimpiada geçen ýylyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti tarapyndan gurnaldy” diýip turkmenportal habar saýty habar berýär.

Geçirilen Halkara olimpiada jemi 150 ýurtdan jemi 9549 talyp we okuwçylar gatnaşdy. Guramaçylaryň bellemegine görä, bäsleşige gatnaşanlardan. 527-si mekdep okuwçylary, 418-si bolsa talyplardyr.

Süleýman TAGANOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok