“Olimpizm filosofiýasy” atly täze kitap çapdan çykdy. Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, dosent Annamuhammet Serhenowyň taýýarlamagynda bu kitap 198 sahypadan ybarat bolup, Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilip okujylara ýetirildi.
Kitapda Olimpiýa oýunlarynyň taryhy, häzirki zaman olimpiýa hereketiniň döremegi, ösmegi, onuň emele gelen ýörelgeleri, gurluşy, alyp barýan işleri, jemgyýet we adam üçin sportyň, olimpizmiň ähmiýeti hakynda gürrüň edilýär.
Bu kitapda ýylba-ýyl birinji Olimpiýa oýunlaryndan başlap tä şu günlerde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň netijeleri hakynda, türkmen türgenleriniň Olimpiýa hereketine goşan goşantlary barada gürrüň berilýär.
Dünýäniň iň uly bäsleşikleriniň ajaýyby Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleri hem öz goşantlaryny goşdy. Olardan 1960-njy ýylda Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen XI Olimpiýa oýunlarynda peýkamdan nyşana ok atmak boýunça Dünýäniň we Ýewropanyň çempiony Marat Niýazow kümüş medala mynasyp boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boÿunça Olimpiýa oýunlarynda birinji onluga düşmegi başardylar.
“Olimpizm filosofiýasy” atly täze kitapda dünýä belli tälimçileriň we türgenleriň ajaýyp üstünlikleri barada maglumatlar ýerleşdirilen. Şeýle hem kitap dürli reňkli Olimpiýa oýunlara bagyşlanan suratlar bilen bezelip, giň okujylar köpçüligine niýetlenÿär.
Şöhrat Myratgulyýew
Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi.
Türkmenistanyň Milli sport oýunlarynyň merkeziniň ýolbaşçysy.
Teswirler