Kiçi çille döwrüni tamamlandan soňra, türkmenleriň senenamasynda ýene-de bir gyş – ahyrky garagyş başlanýar. Ol bary-ýogy 15 gün, ýagny fewral aýynyň 6-21-i aralygynda dowam edýär. Çarwa halky bu döwre hem hatyrjem çemeleşýär, sebäbi bu garagyş Kiçi çille ýaly beterine tutanda, il-güni, mal-garany aljyratman durmaýar. Käbir ýyllarda gyşyň ahyrynda birden howa sowap, galyň gar düşýär. Ondan soň çopandyr çolugyň, mallary kärendesine alan adamlaryň işi özüne ýetik bolýar. Çarwalaryň ýelin aýam şu döwre dogry gelýär.
Ahyrky garagyş aýdarmyş: “Ýalkasam – ýazdyryn, gargasam – gyşdyryn” ýa-da “Ýalkasam, süýt-gatyk iýdirin, gargasam, kellebasaýak iýdirin”. Munuň manysy şeýleräk äheňde düşündirilýär: gazabyma tutmadyk ýagdaýymda howa maýlap, otlar ers-mers bolar, dowarlar guzlar, süýt-gatykly bolarsyňyz, mallaryňyzyň sany artar, baýarsyňyz! Gazabyma tutaýdygym bolsa, sowukdan, gardan, iýmsizlikden ýaňa mal-gara kyn bolar, kellebaşaýak iýersiňiz!
Bilşiňiz ýaly, ahyrky garagyş fewral aýynyň ikinji ongünlügine gabat gelýär. Gündiziň uzalmagy, howanyň ýylylygynyň gün-günden ýokarlanmagy netijesinde ozaly bilen ösümlikleriň ösmekleri we boý almagy üçin amatly şertler döreýär, haýwanlaryň ýaşaýşy görnetin özgerýär. Köpýyllyk ösümlikler, esasan-da, haşal otlar gök öwsüp ugraýarlar, birýyllyk ösümlikler gögerip çykýarlar. Gyş maýyl gelende, eýýäm, gülleşip oturan meýdan otlaryna-da duş gelmek bolýar. Gyrymsy agaçlaryň baldaklaryndaky şireler herekete gelýär, käbir agaçlar pyntyklaşyp ugraýar. Munuň ýaly ýagdaý miweli we ir-iýmişli agaçlarda-da bolup geçýär.
Ahyrky garagyş ýeke bir maldarlaryň işini artdyrman, daýhanlaryňam,
gallaçylaryňam ýaz işlerine ykjam taýýarlykly bolmalydyklaryny görkezýär. Daýhan birleşiklerinde we hojalyk mellek ýerlerinde ekişe taýýarlyk işlerini geçirmek, ders dökmek, suw bermek amatlydyr. Miweli agaçlar, üzümler irgözinden timarlanýar, zyýanly mör-möjeklere garşy göreş çäreleri geçirilýär. Ahyrky garagyşyň soňunda miweli agaçlaryň gülleýän wagtlaram seýrek bolmaýar. Şol sebäpli güllän agaçlary sowuk urmaz ýaly gerekli çäreleri görmelidir.
Bu döwürden soň, türkmenleriň senenamasynda togsan dolýar we ýaz pasly başlanýar.
Baýgeldi ÇARYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
meteorologiýa hünäriniň V ýyl talyby.
Teswirler