Alyşir Nowaýynyň edebi mirasy – türkmen zenanynyň ylmy nazaryýetinde

          Şu gün – 9-njy fewralda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň esasy ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowanyň  çapa taýýarlan «Myraly hem Soltansöýün » dessany barada gürrüň etmekligimiziň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, şu gün türkmenleriň arasynda Myraly diýlip giňden tanalan, beýik akyldar şahyr Alyşir Nowaýynyň  halkara şygryýet günüdir. Bu şanly senäni her ýyl bellemeklik maksady bilen, ýaňy-ýakynda – şu ýylyň 4-nji fewralynda Özbegistanda Alyşir Nowaýy adyndaky halkara jemgyýetçilik gaznasy döredildi. Bu gaznanyň esasy wezipesi Alyşir Nowaýynyň durmuşy pikir garaýyşlaryny, beýik ynsanperlik taglymlaryny, ylmy we edebi mirasyny halkara derejesinde has içgin öwrenýän ýerli we daşary ýurt ylmy-döredijilik merkezleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaklyk arkaly Özbegistanda her ýylyň 9-njy fewralynda beýik akyldaryň doglan senesini –  şygryýet gününi giňden dabaralandyrmaklykdan ybaratdyr.

            Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň şygryýet güni  diňe bir özbek halkynyň däl-de, eýsem türkmen halkynyň hem baýramydyr. Çünki, halypa alymymyz Käbe Borjakowanyň bellemegine görä, Alyşir Nowaýy Kakada kerwensaraý hem bazar meýdançasyny, Maryda bolsa medrese gurdurmaklyk bilen, türkmen halkynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da,biziň ýurdumyzda  Nowaýynyň eserleri, ol barada döredilen rowaýatlar we şorta sözler, dessan ýörite kitapça görnüşinde çap edildi.

            Alyşir Nowaýy barada döredilen «Myraly we Soltansöýün» dessanyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Halk döredijiligi bölüminiň esasy ylmy işgäri, dil-edebiýat ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowa çapa taýýarlap, kandidatlyk dissertasiýasyny gorady.  Bu barada halypa alymymyz aýratyn durup geçmeklik bilen: «1968-nji ýylda men Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine aspirantura  kabul edildim. Aspirantura kabul edilenimden soňra, öz işlejek temamy saýlap almaly boldum. Şonda  professor Mäti Kösäýew maňa ylmy ýolbaşçy boljakdygyny mälim edip: «Beýiklere ýapyşaly, beýiklere ýapyşsaň, beýikleriň özi alyp çykýar.»  – diýen örän güýçli, ömürlik ýadyňda galyjy pelsepäni aýtmaklyk bilen, Alyşir Nowaýyny işläli, ol türkmeniň Myralysy diýdi» – diýip belleýär. Belli edebiýatçy alymymyz Käbe Borjakowa şol ýyllarda öz ylmy ýolbaşçysynyň Alyşir Nowaýyny öwrenmeklik baradaky teklibi bilen razylaşsa-da, bu beýik şahsyýet hakynda ylmy iş ýazmaklyk meselesi ony başda biraz ýaýdandyrypdyr. Çünki, Alyşir Nowaýy baradaky rowaýtlar we şorta sözler ozal – 1941-nji ýylda Penje Alyýew tarapyndan latyn ýazuwynda «Myraly we Soltan Söýün» ady bilen, 1948-nji ýylda bolsa Berdi Kerbabaýew tarapyndan edebi taýdan işlenilip, «Myraly» ady bilen ýörite kitapça görnüşinde çap edildi. Alyşir Nowaýy barada ozal neşir edilen işler bolansoň, bu beýik şahsyýeti öwrenmeklik işi Käbe Borjakowany birbada ýaýdandyrypdyr. Bu barada halypa alymyz: «1968-nji ýylda men Alyşir Nowaýyny işlemelidigimi bilýärdim, ýöne şoň nämesini  işlemelidigimi bilmeýärdim. Şonda meň alym we şahyr, mähribän eziz mugallymym Halyl Kulyýew maňa: «Men ylmy-döredijilik iş saparynda boldum. «Myraly hem Soltan Söýün» dessanyny bagşylar dessan edip aýdýar. Ine, seň işiň täzeligem şol bolýar, açyşam şol bolýar, hemme zadam şol bolýar.» – diýip gönükdirme berdi. Men şondan soň Mary welaýat filarmoniýasyna bardym. Filarmoniýadan ýedi sany işgär öňüme düşdi. Olar maňa: «Biz Siz üçin Gurt Ýakuba şol «Myraly hem Soltan Söýün» dessanyny aýtdyryp bereli.»  – diýdiler. Men olar bilen Gurt Ýakubyň öýüne bardym. Gurt Ýakup: «Men «Myraly hem Soltan Söýün» dessanyny aýdyp bereýin. Ýöne, aýalym Aksoltan ýanymda otursyn. Birden bir zat ýadyma düşmese, ol maňa ýatladýar. Olam, bu dessany 11 ýaşyndaka Kerim atly babasyndan öwrenipdir.» – diýdi. Men Gurt Ýakupdan «Myraly hem Soltan Söýün» dessanynyň ses ýazgysyny aldym we öýde kagyza geçirip redaktirledim. Ses ýazgyny redaktirlänimden soňra, ylmy ýolbaşçym Mäti Kösäýewiň ýanyna bardym.

Professor Mäti Kösäýew meni Berdi Kerbabaýewiň ýanyna ugratdy. Meniň Berdi Kerbabaýewi şonda ilkinji gezek görşümdi. Men onuň örän ýönekeý, gaty gowy adamdygyna haýran galdym. Men Berdi Kerbabaýewe: «Siz «Myraly hem Soltan Söýün» dessanyny «Myraly» ady bilen 1948-nji ýylda edebi taýyndan işläpsiňiz. Men şu dessanyň ses ýazgysyny alyp, tekstini redaktirledim. Bu tekstiň Siziňkiden tapawutlyrak ýerleri kän eken. Siziň edebi taýdan işlän işiňizde üç sany aýdym bar. Biziň dessanymyzda bolsa, bäş sany aýdym bar. Siziň dessanyňyzda «Dady heý» diýen aýdym 7 bent, biziň dessanymyzda 9 bent. Siziň edebi taýdan işlän dessanyňyz bilen, meniň ses ýazgysyny alan dessanymyň örän tapawutly ýerleri bar. Şonuň üçinem, şu dessanyň aýratyn neşirini döretsek bolarmy?» – diýdim. Berdi Kerbabaýew bolsa, begenip: «Näsini aýdýaň. Gaty gowy bolýar.» – diýdi. Ondan soň men Özbegistanyň Ylymlar akademiýasyna iş saparyna gitdim. Men bu ýeriň muzeýiniň ýolbaşçysy, uly alym, akademige ýüzlenip: «Men Alyşir Nowaýyny işleýän.» – diýdim. Ol maňa: «Bizde Alyşir Nowaýydan 16 sany kandidatlyk dissertasiýasy goraldy. Dört sany doktorlyk dissertasiýasy goraldy. Siz Alyşir Nowaýynyň nämesini öwrenjek bolýaňyz?» – diýdi. Men şonda oňa: «Men Alyşir Nowaýynyň gaty kän zadyny öwrenjek bolýan. Alyşir Nowaýy Myraly ady bilen her bir türkmeniň beýnisinde orun aldy. Biziň dutarymyzyň 13-nji zaryn perdesine Nowaýy perdesi diýlip aýdylýar. Şol nowaýy perdesinde bolsa, bagşylarymyz birnäçe aýdymy ýerine ýetirýärler. Men şolardan öwrenýän Alyşir Nowaýyny.» diýdim. Şonda ol maňa: «Siz gaty gowy iş edýäňiz. Siziň aýdýan zatlaryňyz bizde ýok. Biz Alyşir Nowaýyny diňe, ol baradaky maglumatlardan – Han Demiriň, Döwletşah Samarkandynyň, Zahyreddin Muhammet Babyryň, Wasyfynyň eserlerinden alyp, öwrenýäs.» – diýdi.» – diýip belläp geçýär.
Ussat halypa alymymyz Käbe Borjakowanyň Gurt Bagşydan hem onuň şägirdi Hezret Çarydan ýazyp alan «Myraly hem Soltan Söýün» dessanynyň bir nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynyň 58-nji bukjasynda saklanylýar.

Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok