Ylym-bilim ösüşlere badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly üns berilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, täze innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak,  dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgama geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Watanymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, wideo, audio materiallary, interaktiw-multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.

          Her bir ýurduň ösüşi ozaly bilen, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Şu ýyl hem, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylymyzda döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesini bu ulgamyň merkezinde goýlup, onuň maddy-tehniki, okuw- usulyýet, tejribe esaslary pugtalandyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

        Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän sanly ulgam innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde  täze wezipeler goýulýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar bilen Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine göterilýär.

Gurbanmyrat BOPBYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýakyn gündogar dilleri kafedrasynyň müdiri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok