Parahatçylyk dillerde sena

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha artýar. Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynda  öňe sürýän başlangyçlary dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyndan gelip çykýan ähli ugurlary berjaý etmekde-de uly ähmiýete eýedir. Bitarap döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň esasy maksady dünýä bileleşigi bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginden ybaratdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde “2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk ýörelgesiniň belent dabaralanmasy boldy. Bu Kararnamanyň awtordaşlary hökmünde 73 döwlet çykyş edip, ol döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça işlerde, hususan-da raýdaşlyga, ýurtlaryň we halklaryň arasynda gatnaşyklaryň sazlaşygyna ýetmek maksady bilen, syýasy gepleşikleriň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

         Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur düşünjeleriň biridir. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk, bularyň ählisi bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň  BMG-niň münberinden öňe süren başlangyçlarynda öz beýanyny tapdy.

         “Parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar” diýlip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň parahatçylyk medeniýetini wagyz etmek boýunça tagallalary we işleri işjeňleşdirmäge çagyrýan täze Kararnamasynda bellenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan özüniň halkara syýasatynda Bitaraplygyň ykdysady ugurlaryna aýratyn üns berýär, dürli döwletleriň gatnaşmagynda iri halkara taslamalaryny hödürleýär we amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyk dörediji ýörelgeleri onuň baş aýratynlygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň möhüm serişdesi bolan daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmekde we öwretmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýa sekiz bapdan ybarat bolup, olar degişlilikde “ Türkmenistanda daşary ýurt dilleriniň okadylşynyň häzirki ýagdaýy”, “Konsepsiýanyň maksady we wezipeleri”, “Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary”, “Daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlary taýýarlamagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlary”, “Daşary ýurt dillerini okatmak boýunça hyzmatdaşlyk”, “Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň esasy tapgyrlary”, “Konsepsiýanyň durmuşa geçirilişini maliýeleşdirmek”, “Konsepsiýany durmuşa geçirmekde garaşylýan netijeler” diýlip atlandyrylýar. Bu baplaryň her biri Konsepsiýany durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yglan edilen şanly Garaşsyzlygymyzyň uly dabara bilen belleniljek ýyly bolan 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda daşary ýurt dilini okatmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutyny aýdyp bileris. Adyndanam belli bolşy ýaly institut daşary ýurt dilleri ugruna ýöriteleşen bolup, ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan, şeýle-de daşary ýurtdan hünäri boýunça gelýän mugallymlar talyplara bilim berýärler. Institutda iňlis dili, rus dili, nemes dili,  ispan dili, italýan dili, fransuz dili, arap dili, pars dili, ýapon dili, hindi dili, koreý dili we hytaý dilleri, türk dili we türkmen dili boýunça okuw sapaklar alnyp barylýar. Mundan başga-da institutyň çäginde dürli kitaphanalar hereket edýär. Talyplar öz ugurlary boýunça döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Talyplar nazaryýetde alýan bilimlerini amalyýetde kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda ýerleşýän birnäçe orta mekdeplerde, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda, edara-kärhanalarda, dil merkezlerinde yzygiderli tejribe geçýärler. Bu bolsa olaryň biliminiň ýokarlanmagyna, dil öwreniş derejesiniň has ýokary galmagyna ýardam edýär.

Biz ýaşlaryň, ýaş hünärmenleriň döredijilikli zähmet çekmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Ýazgül BEKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok