Sungata bagyşlanan duşuşyk

2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda talyp ýaşlaryň gyşky dynç alyş möwsümini peýdaly we täsirli geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň kinofotofono resminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwiniň baş hünärmeni Begenç Berdiýew bilen duşuşyk geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taryha sarpa goýmak, medeni mirasy ösdürmek we ony ýaşlaryň arasynda wagyz etmek dogrusynda çykyş etdiler. Hünärmen talyplara Türkmenistanyň gahrymany Maýa Kuliýewanyň ömri we döredijiligi, Watanymyzy ösdürmekde eden saldamly goşandy dogrusynda gürrüň berdi.
Geçirilen duşuşyk talyplarda watansöýüjilik, medeni- mirasa we millilige sarpa goýmak häsiýetleri terbiýeledi. Çäräniň dowamynda Maýa Kuliýewa bagyşlanan dokumental kinonyň görkezilmegi talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşygyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler.

Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok