Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2021-nji ýyl —«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň belleniljek ýylynda ýurdumyzyň iň baýry gazedi hasaplanýan «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bu yglan edilen bäsleşigiň baş maksady ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmekden, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikleri giňden açyp görkezmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürleniljek eserlerden hem bu ýokarda getirilenleri açyp görkezmeklik talap edilýär.
«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşmaga
isleg bildirýän ildeşlerimiziň ýaş aýratynlygy we eserleriniň sany çäklendirilmeýär. Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar bäsleşik bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar. Şeýle-de bu döredijilik bäsleşigi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda jemlenip, ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň diplomlary we sowgatlary, şeýle-de tapawutlanan eserleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Azym ÖWEZOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň iňlis dili we
edebiýaty fakultetiniň öwreniji mugallymy.
Teswirler