Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde häzirki güne çenli ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşler gazanylyp, bu babatda aragatnaşyk ulgamynda hem uly sepgitlere ýetildi.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly ýörelgesi bolup durýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna innowasion sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Ýurdumyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon ulgamy, poçta hyzmatlary, internet ulgamy, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýatymyza elýeter edildi.
Munuň bilen bir hatarda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynda kadalaşdyryjy- hukuk binýady kämilleşdirilýär. Bu babatda “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumatlar we olary goramak hakynda”, “Kiberhowpsuzlyk hakynda”, “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite karary bilen “Türkmenaragatnaşyk” agentligi Türkmenistan döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň düzüminde “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy, “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy, “Altyn Asyr”, “Aşgabat şäher telefon ulgamy”, “Türkmen hemrasy”, “Türkmentehnogurluşyk” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri hereket edip, olar ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça giň mümkinçiliklere eýedir.
Öz gezeginde “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem aragatnaşyk ulgamyndaky ýetilýän sepgitlerde uly orun tutýar. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimizde aragatnaşyk ulgamyndaky gazanylýan üstünlikleriň dowamlylygy üçin bu ulgama degişli birnäçe täze giňeltmeler geçirilýär we enjamlar gurnalýar. “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde hem täze gurnalýan enjamlar we giňeltmeler üçin wajyp bolup duran kadalaşdyryjy düzgünnamy taýýarlamakda degişli işler alnyp barylýar. Bu kadalaşdyryjy düzgünnama öz içinde aragatnaşyk ulgamyndaky gurnamalara we giňeltmelere bolan bitewi talapnamany jemleýär. Munuň netijesinde ýurdumyzyň Telekommunikasiýa ulgamyndaky geçirilýän işlerde kadalaşdyryjy düzgünnama ugrukdyryjy resminama bolup hyzmat eder.
Halkymyza hödürlenýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil derejesiniň barha ýokarlanmagy, ilatymyzyň häzirki zaman tehnologiýalaryndan elýeterli peýdalanmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, Watanymyzy gülletmek ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Baýmuhammet USSAÝEW,
“Altyn Asyr” ÝGPJ-niň Balkan welaýat bölüminiň ulgam meýilleşdirmek we ösdürmek bölümçesiniň başlygy
Teswirler