Angliýada 125 müň ýyllyk pil galyndylary tapyldy

    Angliýada 125 müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen piliň galyndylary tapyldy. Alymlar bu täze açylan galyndylaryň beýlekilere garaňda üýtgeşikdigini aýdýarlar.

    Angliýada ýaşaýan we gazylyp alynýan galyndylar bilen gyzyklanýan iki dogan Wight adasynyň kenarynda bir piliň üýtgeşik galyndylaryny tapdylar. Bu galyndy 125 müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen piliň galyndylary diýlip hasaplanylsa-da, alymlar bu açyşa uly gyzyklanma bildirdiler.

Alnan maglumata görä, hersiniň agramy 25-30 kilograma barabar bolan bu süňkleriň uzynlygy 4 metr we agramy 11-15 tonna bolan piliňki bolmagy ähtimal. Başgaça aýdylanda, iň uly afrikaly pilleriň agramyndan iki esse diýen ýaly ululygy bar.

Galyndylary tapan doganlar, pil süňküniň suratyny hünärmenleriň gözden geçirmegi üçin Wight şäherindäki Dinozawr muzeýine iberdiler.

Dinozawr adasy muzeýiniň baş müdiri Dr. Martin Munt, galyndylaryň 125 müň ýyl ozalky bolup biljekdigini aýdýar. Şeýle süňk adanyň bu ýerlerinde seýrek duş gelýär diýýän alym, galyndylaryň üýtgemän galandygynyň özboluşlydygyny aýdýar.

Doganlar galyndylary saklamak isleýändiklerini, ýöne muzeýde görkezilmegine garşy däldigini aýtdylar. Şuňa meňzeş haýwanlaryň galyndylary adanyň günorta-gündogar kenarlaryndan öňem tapylypdy. Muzeý işgärleri süňkleri nädip goramalydygy barada doganlara maglumat berdiler.

Atageldi GARAJAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok