Nemes alymlary kofeniň uka we aňa täsirini bilmek üçin täze barlag geçirdiler. 26-dan gowrak kandidatyň gatnaşan bu barlagynda kofeniň diňe belli bir wagta çenli energiýa bilen üpjün edýändigi we kofeniň uklamazlygyň hiç hili öňüni alyp bilmeýändigi aýan edildi.
Ýadawlykdan soň, ulanýan ilkinji usulymyz kofe içmekdir. Kofe eýýäm adamyň aňyna oňyn täsir edýändigi mälimdi, emma ukyny ýok edýändigi barada hiç hili maglumat ýokdy.
Geçirilen gözleglere görä, kofe hakykatdanam adamlary has oňaýly täsir edýär, ýöne elbetde uky zerurlygyny kanagatlandyrmaýar.
26 gatnaşyjy bilen geçirilen gözleg jemi 5 gije dowam etdi we her gatnaşyja günde bary-ýogy 5 sagat uklamaga rugsat berildi. Günüň dowamynda kofe içen adamlaryň içmediklere garanyňda özüni ep-esli gowy duýýandygy ýüze çykaryldy.
Çäkli 5 sagat uklap bilýän gatnaşyjylar, ilkinji günlerde kofeniň täsiri bilen özlerini gujurly duýýandyklaryna garamazdan soňky günlere çenli halys we ýadawdyklaryny aýtdylar. Synagyň ahyrynda, iki topardan gatnaşyjylaryň fiziki we aň-bilim görkezijileriniň arasynda hiç hili tapawut ýokdy.
Gözlegçiler, adamlaryň uky zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin kofe içmeli däldigini, sagdyn uky ýagdaýynyň hemişe gowulaşjakdygyny aýdýarlar. Uky bozulmalarynyň, agramyň ýokarlanmagy we ýokary stres ýaly käbir saglyk meselelerine sebäp boljakdygyny mälim etdiler.
Aýnur GOÇAKOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler