Watana wepaly – türkmen zenany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özgerişlerden doly menzillerine özboluşly röwüş çaýýan “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna gadam basan ilkinji günlermiz uly üstünliklere, täze başlangyçlara beslenip gelýär.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ösüşine uly goşant goşan, özüniň ussatlygy bilen her bir başlan işini ýokary derejä ýetirýän, zähmetsöýer, edep-ekramyň nusgasy bolan Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rüstemowa  Watana bolan söýgisi, köp ýyllaryň dowamynda gazanan iş tejribesi bilen türkmen ýaşlaryna uly görelde mekdebi bolup durýar.

Türkmenistanyň Täjigistan, Hytaý, Mongoliýa, Demirgazyk Koreýa we Wýetnam Sosialistik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän döwrinde ýurdumyzyň  daşary syýasatyny we diplomatiýasyny ösdürmekde, döwletleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly işleri bitiren, türkmen zenany  häzirki wagtda hem diplomatik gullukdaky işini dowam edýär.

Filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Çynar Rüstemowa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy hökmünde, institutda zähmet çeken döwrinde ýaş halkaraçy hünärmenleri taýýarlamakda özüniň baý iş tejribesini giňden paýlaşýar.

Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda goňşy döwletler bilen däl, eýsem, dürli dünýä döwletleri bilen özara ygtybarly, syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar.  Esasan-da halklary birleşdirýän Birleşen Milletler Guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly işler durmuşa geçirilýär.  Halkara gatnaşyklarynda möhüm orna  eýe bolan BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga we  berkitmeklige uly üns berilýär. 

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Çynar Täjiýewna Rüstemowa BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary wezipesine bellenmegi ýurdumyzyň medeni we ylmy  diplomatiýasyny ösdürmekde,  özüniň hünär ýoluny dowam etmegine ýene bir mümkinçilik döredýär. Çynar Rüstemowa halkara derejesindäki özine bildirilen  uly ynamy üçin eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etjekdigine ynandyryp, mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan edýär.

.

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenitanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok