ORIENT agentliginiň habar bermegine görä 1-nji fewralda Eýranyň paýtagtynda BMG-nyň bu edarasynyň Klaster ofisiniň wekilleri bilen türkmen wekilleri arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde onlaýn duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk UNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilleriniň sanawyna goşulmak baradaky bilelikdäki teklipleriň taýýarlanmagy barada boldy.
Wideokonferensiýanyň dowamynda milli medeni mirasyň möhüm bölegi bolan türkmenleriň gadymy senetçilik sungaty “Keşdeşak sungaty” barada gürrüň edildi.
Gadymy döwürlerden bäri elde ýasalan nagyşlar türkmenleriň milli däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny görkezýär we dünýä derejesinde onuň ähmiýetiniň ykrar edilmegi halk döredijiliginiň bu görnüşiniň saklanmagyna goşant goşar we dürli medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary hasam güýçlendirer.
30-njy ýanwarda UNESKO bilen Türkmenistan Milli Komissiýasynyň ikinji mejlisiniň geçirilipdi, onda ýurduň käbir taryhy we medeni ýadygärliklerini ESUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Teswirler